Funduk

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1786114
Funduk

Fundugyň ata watanynyň Türkiýe hökmünde kabul edilýändigini bilýäňizmi?

Gelip çykyşy Hytaýdan bolandygyna garamazdan fundugyň ata watany hökmünde Türkiýäniň Gara deňiz kenarlary görkezilýär. Gadymy dünýä taryhçysy Geredot, Geredot taryhy atly eserinde fundugyň Gara deňiziň gündogarynda ösýändigini ýazan bolsa, gadymy döwürde funduk ýagynyň nähili çykarylýandygyny beýan edipdir. Şeýle gadymy medeniýetiň yzyna gabat gelinmegi sebäpli Türkiýede Gara deňiz sebitiniň fundugyň ata watanydygy we fundugyň bütin dünýä şol ýerde ýaýrandygy kabul edilýär. Türkiýe şu günki günde-de funduk öndürmekde dünýäde birinji orny eýeleýär.

Baglardan ýygylýan funduk saglyk üçin iňňän peýdalydyr. Magnezi taýdan baý bolan funduk, süňki bekedýär we süňk eremesiniň öňüni alýar. Protein taýdan hem baý bolan fundugyň, çagalara her gün iýdirilmegi maslahat berilýär. E witanine hem baý bolan funduk, rak keseliniň öňüni alyjy we öýjükleri tazeleýiji özboluşlyklara eýe. Beýniniň saglygy taýdan peýdaly bolan funduk, her gün kadaly iýilse, gan aýlanyşyny kadalaşdyryp, immunitet ulgamyny güýçlendirýär, ýürek we damar kesellerinden goraýar.


Etiketkalar: #witamin , #süňk , #funduk

Degişli Habarlar