Tokaýewiň Russiýa Sapary

Ýewraziýa Syn

1781500
Tokaýewiň Russiýa Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepeleşigimiziň nobatdaky sanynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň Russiýa Federasiýasyna guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

2022-nji ýylyň 10-11-nji fewraly aralygynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Russiýa Fedarasiýasyna resmi sapar gurady. Tokaýew 10-njy fewralda Moskwada Russiýanyň döwlet Ýolbaşçkysy Wladimir Putin bilen duşuşdy. Liderler ýanwar aýynda Gazagystanda başdan geçirilen wakalar we Russiýa bilen Gazagystanyň ykdysadyýet hem-de söwda, bilim, energetika, älem giňişligi maksatnamalary ugurlaryndaky hyzmatdaşlyklary hakynda pikir alyşdylar.

Wladimir Putin ýanwar aýyndaky wakalar hakynda garaýyş beýan edip; “Gazagystan ýurtdaky agyr şertlerden peýdalanan käbir halkara toparlara gurban boldy” diýdi we Russiýanyň Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramsynyň 4-nji maddasyna laýyklykda Gazagystana “goldaw berendigini” ýatlatdy. Putin aýratynam Tokaýewe “Bu wakalaryň dowamynda çekilen ýitgileriň öweziniň dolunmagy ugrunda tagalla edilmelidigini bilýärin. Gazagystan siziň saýaňyzda dik-dim dur we ösýär” diýdi.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew ýanwar aýynda başdan geçirilen wakalar boýunça derňew işiniň dowam edýändigini nygtap; “Gynansagam köp sanly adam pidasy çekildi we men hem oňa alada bildirýärin. Pida bolanlaryň hossarlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirdim. Her bir waka aýratyn derňelýar. Günäkärler anyklanar we jezalandyrylar” diýdi. Tokaýew ýurduň strategik desgalarynyň goralmagy we terrorçylara garşy psihiki el çekdirijilik taýdan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň parahatçylyk güýjüniň möhüm pozisiýa eýeländigini nygtady.

Duşuşykda Russiýanyň lideri Putin Russiýanyň Gazagystanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmagyna kanagatlanma bildirip; 2021-nji ýylda özara söwda gatnaşyklarynyň 34 göterim ösüş edip, 35,6 milliard dollara ýetendigini we onuň iňňän gowy görkezijidigini nygtady.

Liderler duşuşykdan soň bilim, atom energiýasy ugurlary boýunça hünärmen taýýarlamak, sanly ulgama geçiş we älem giňişligi boýunça barlaglary geçirmek hakynda 10 ylalaşyga hem-de demir ýol gatnawy ugrunda hyzmatdaşlyk etmek hakynda bir ylalaşyga gol çekişdiler.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Bauman adyndaky Moskwanyň tehniki uniwersiteti ýaly Russiýanyň belli ýokary okuw jaýlarynyň şahamçalarynyň Gazagystanda açyljakdygyny beýan etdi.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew 11-nji fewral Russiýa saparynyň çäginde Tatarystana bardy. Gazagystanyň lideri Tokaýewi Gazan şäheriniň halkara howa menzilinde Tatarystanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow garşylady. Tokaýew we Minnihanow meşhur Gazan Kremilindäki Gul Şerif metjidine we Buşluk katedraline baryp görenden soň resmi duşuşyk geçirdiler. Liderler Gazagystan bilen Tatarystanyň arasyndaky medeni, söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürmek hakynda pikir alyşdylar.

Duşuşykdan son Tatarystanyň Prezident Minnihanow Gazagystanyň döwlet Ýolbaşçysy Tokaýewe Tatar-Gazak hyzmatdaşlygynyň ösmegine we iki halkyň arasyndaky dostlugyň güýçlenmegine goşan goşantlary mynasybetli Dostluk nyşa ordenini gowşurdy.

Tokaýew Tatarystanda TATNEFT firmasyna baryp gördi. Russiýa Federasiýasynyň essy nebit we tebigy gaz öndürijilerinden biri bolan TATNEFT bilen KazMunaýGaz kompaniýasynyň arasynda nebit känlerinde barlag geçirmek we olary dolandyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary taýýarlamak hakynda ylalaşyga gol çekişildi.

Jemläp aýdanymyzda Gazagystanyň Prezidenti Tokaýewiň Russiýa sapary netijeli geçdi.



Degişli Habarlar