Burun dykylmasyna tebigy çözgütler

Saglygym Baýlygym

1769746
Burun dykylmasyna tebigy çözgütler

Gepleşigimiziň bu sanynyň mowzugy: Burun dykylmasyna tebigy çözgütler hakynda durup geçmekçi.

Adamyň ýaşaýyş durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýän faktorlardan biri hem şübhesiz burun dykylmasydyr. Burun dykylmasy rahat uklamaga we arkaýyn dem almaga päsgel berýän biynjalyklykdyr.

Burun dykylmasynyň sebäpleri näme?

Burun dykylmasyny bejermek üçin ilki onuň sebäbi anyklanmaly. İň esasy sebäpleri şulardyr;

  • Sowuk almak,
  • Pasyllaryň üýtgemegi,
  • Saman dümewi,
  • Alkogol,
  • Konka çişleri,
  • Allergiýalar,
  • Hoşboý ysly ot salynan naharlar,
  • Gormonal özgermeler,
  • Buruna bir zadyň girmegi,
  • Ýokary gan basyşy,
  • Gripp,
  • Hünär demgysmasy,
  • Sinýuzit,
  • Hamyla bolmak,
  • Burun polipleri,
  • Angina mäzleriniň çişmegi

 

Burun dykylmasy üçin tebigy çözgüt teklipleri şulardan ybarat;

Zenjebil çaýy

Zenjebil mukozanyň endiklerini güýçlendirip, geňiz kanallarynyň açylmagyny üpjün edýär. 2 käse suwy gaýnadyp, içine 2 datly üwelen zenjebil goşuň. 10 minut demlenenden soň, pagtany suwa batyryp, burnuňyzyň üstüne goýuň.

Alma sirkesi

Alma sirkesi makusyň ýuwkalmagyny üpjün edýär we bakteriýanyň emele gelmeginiň öňüni alýar. Bir käse ýyly suwa 1 datly çemçesi bal we 1 nahar çemçesi alma sirkesini goşup, garyň. Taýarlan erginiňizi içmek, burun dykylmasynyň açylmagy üçin peýdaly bolar.

Narpyz ýagy

Narpyz hem burun dykylmasyna peýdaly ösümliklerden biridir. Günüň dowamynda ýakaňyza 2 damja narpyz ýagyny damdyrmak, burun dykylmasynyň açylmagy üçin maslahat berilýär.

Burun massajy

Massaj, eger-de dogry edilse, gan akyşyny çaltlandyrýar. Bir nahar çemçesi narpyz we zeýtun ýagyny gyzdyryň. Barmagyňyzyň ujy bilen burnuňyza we gaşyňyzyň töweregine massaj ediň. Burnuň ýokarky bölegine gapdal tarapdan basyş ediň. Şol mahal agyzdan dem almak maslahat berilýär.

Bug hammamy

Burun dykylmasynyň tebigy çözgütlerinden biri hem buga tutmakdyr. Gaýnan suwuň içine birnäçe damja narpyz ýagyny, okaliptus ýagyny, çopantelpek ýaly rahatlandyryjy ösümlikleri goşup, ysgaň. Şeýlelikde burun dykylmasy bug arkaly gidiriler.

Sogan ysgamak

Birnäçe bölejik sogany alyp, 4-5 minut ysgaň, burnuňyzyn açylanyny duýarsyňyz.

 

Burun dykylmasyna peýdaly beýleki maslahatlarymyz bolsa şeýle;

  • Zenjebil, narpyz ýaly ösümlik çaýlary burun dykylmasynyň aýrylmagyna peýdalydyr.
  • Çilim çekmek burun dykylmasyna sebäp bolar. Şol sebapden çilim çekmegi taşlaň.
  • Duzly suw burun dykylmasynyň açylmagynda iň peýdaly usullardan biridir. Şol sebäpli deňizde ýüzmek, ýa-da medikal görnüşde satylýan deňiz, okean suwlaryndan öndürilen nazal spreý ulanmak maslahat berilýär.
  • Bol suw içmek, burun mukozasynyň çygly galmagyny üpjün edýer.
  • Kondisionerli ýa-da ýyladyş ulgamy bolan ýerlerde howa guraýar. Otaga sowuk bug enjamyny ýa-da gaýnan suw goýmak, mata bölejiklerini yzgarlap goýmak, howanyň çyglylylygyny üpjün eder.
  • Buruk dykylmasy allergiki bolsa, polen mahalynda gapylaryňyzy we penjireleriňizi ýapyň.
  • Ýelli ýa-da gurak günlerde daşary çykmak maslahat berilmeýär.
  • Ýyly duşa düşmek bedeniňizi rahatlandyrar.
  • Burun etiniň çişligi gorizontal pozisiýada mahalyňyz ulalýar. Ol hem adamyň ukusynyň hiliniň azalmagyna, ertirlerine ýadaw turmagyna sebäp bolýar. Onuň öňüni almak üçin belent ýassykda ýatmak maslahat berilýär.

Beýleki bir esasy zat hem; Burun dykylmasy haýsydyr bir keseliň görkezijisidir. Şol sebäpli onuň sebäbi öwrenip, bejergi almak maslahat berilýär. Burun dykylmasy bilen birlikde başga simptomlaryňyza bar bolsa, gysga wagtda luklamana ýüz tutuň.

 


Etiketkalar: #gripp , #dümew , #burun

Degişli Habarlar