Gazagystandaky Wakalar

Ýewraziýa Syn

1766705
Gazagystandaky Wakalar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gazagystanda başdan geçirilen wakalara ser salmakçy.

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Janözen şäherinde suwklandyrylan gazyň nyrhynyň iki esse ýokarlandyrylmagyna garşy başlan wakalar 3-nji ýanwarda ýurduň ençeme etrabyna tutaşdy. Gazagystanyň Energetika ministrligi suwklandyrylan gazyň bahasynyň ozalky çägine düşürilmeginiň mümkin bolmandygyny beýan etmegi wakalaryň möwç almagyna sebäp boldy. Wakalaryň ýaýbaňlanmagy we syýasy özbolyşlyga eýe bolmagy sebäpli Prezident Kasym Jomart Tokaýew 5-nji ýanwarda hökümetiň iş başyndan çekilendigini, Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň wezipesini öz üstüne kabul edip alandygyny beýan etdi. Ýurtda adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edildi. Almaty şäherinde demonstrantlar ozalky prezident köşküni, welaýat häkimliginiň jaýyny, Nur Otan partiýasynyň ofislerini, howa menzilini, teleýaýlymlaryň jaýlaryny aldylar ýa-da olara zeper ýetirdiler.

Wakalaryň gözegçilikden çykmagy sebäpli Prezident Tokaýew 2022-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyndan goldaw sorady. Gurama Gazagystana 2500 esgerden ybarat harby güýç ugratmak hakynda karar kabul etdi. 10-njy ýanwarda gurama agza ýurtlaryň liderleri Gazagystanyň çagyryşyna laýyklykda nobatdan daşary maslahat geçirdi. 11-nji ýanwarda Kasym Jomart Tokaýew KHYG-na degişli harby güýçleriň Gazagystanda parahatçylygy gorama wezipesini üstünlik bilen tamamlandygyny beýan etdi. Üstümizdäki aýyň 14-19-y aralgyynda parahatçylyk güýji Gazagystandan çekildi.

Prezident Tokaýew 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwaryny milli ýas güni diýip yglan etdi. Gazagystanyň Prokuroturasy wakalaryň dowamynda asuda ilatdan, polis gullukçylaryndan we esgerlerden jemi 225 adamyň aradan çykandygyny, 4,578 adamyň ýaralanandygyny, 44 sanysy terrorçylykly aksiýa we 15-si jenaýat jemi 546 kazyýet işiniň dowam edýändigini, 20 müňden gowrak adamyň wakalara gatnaşandygyny beýan etdi.

Howpsuzlyk gullugynyň ozalky Başlygy Karim Masimow we iki orunbasary hökümeti ele geçirmäge synanşandygy sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Wezipesinden çetleşdirilen Energetika ministriniň orunbasary Jumabaý Karagaýew tussag edildi. Prezident Tokaýew oligarhiýany tankyt etdi. Uly döwlet kärhanalaryndaky ýokary derejeli býurokratlaryň käbirlerini wezipeden boşatdy.

2022-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Gazagystanyň Mejlisi Prezident Tokaýew tarapyndan hödürlenen Alihan Smaýlowyň Premýer-ministrligini tassyklady. Hökümetiň düzüminde Maglumatlar ministrligine Askar Umarowyň bellenmegi käbir rus resmilerini biynjalyk etdi. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Prezident Tokaýewiň bellän ministri bilen işleşjekdiklerini beýan edip, dartgynlyga nokat goýdy.

2022-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Prezident R.T.Erdogan, Türki döwletleriň guramasynyň döwürleýin başlygy hökmünde gerek bolan halatynda Türkiýäniň Gazagystana ähli tehniki goldawy bermäge taýardygyny beýan etdi. Gurama agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri 11-nji ýanwarda Gazagystandaky wakalar boýunça pikir alyşdylar.

Prezident Tokaýew 11-nji ýanwarda “Täze Gazagystany bilelikde gurarys” diýip, oliharhiýa garşy göreşe ünsi çekdi. Tokaýewiň teklibine laýyklykda döredilen “Gazagystanyň halkyna” atly döwlet gaznasy halkyň jemgyýetçilik meseleleriniň başda durmagynda ýurduň meseleleriniň çözülmegine goşant goşar. Gazagystan şu kynçylykly günleriň hötdesinden artykmajy bilen geler.



Degişli Habarlar