Göz gurulygy we onuň bejergi usullary

Saglygym Baýlygym

1765106
Göz gurulygy we onuň bejergi usullary

Gepleşigimiziň bu sanynda size göz gurulygy we onuň bejergi usullary hakynda maglumat bermekçi.

Göz gurulygyna peýdaly tebigy çözgütler we bejergi usullary şeýle;

    Göz gurulygyna sebäp bolýan şemalda ýa-da ýüzülýärkä goraýyjy äýnek dakynmak maslahat berilýär.

     Günde azyndan 2 litr suw içilmeli.

    Omega 3 taýdan baý bolan balyk ýagy sarp edilmeli.

    Kadaly uklamaly.

    Gyş aýlarynda howa gurak bolýandygy üçin gözlerden guraklyk emele gelýär. Şol sebäpli otaglaryň howasyny çyglandyrmak maslahat berilýär.

     Gözleriňize ekranyň öňünde dynç aldyrmagy ýatdan çykarmak.

    Aýratynam gözleriňizi ýygy-ýygydan owmak maslahat berilmeýär.

 

       Witaminler we azyklar

Gury göz sindromunda D, B12 we A witaminlerine baý bolan azyklary sarp etmek iňňän ýerlikli. Ýumurtganyň sarysy, galla önümleri, apelsiniň suwy, käşir, ysmanak, brokoli we mesge ýaly azyklarda D we A witanminlere baýdyr.

     Hyýar

Guran gözleri bejermek üçin hyýar iň ýeňil we iň gowy tebigy çözgütlerden biridir.

Sowadylan hyýary tegelek görnüşde dograň. Olary gözleriňizi ýumandan soň üstüne goýuň. Gözleriňizi rahatlandyrmak üçin her gün 2-3 gezek gaýtalap bilersiňiz.

      Gülüň suwy

Gülüň suwy gözüň guramagyna peýdaly elementlerden biridir. Azajyk pagtany gül suwuna batyryp, 10 minudyň dowamynda gabagyňyzyň üstüne goýuň. Her gün 2-3 gezek gaýtalamak maslahat berilýär.

 

      Çopantelpek çaýy

Çopantelpek gözleriňizi çyglylygyny kadalaşdyrýar we biynjalyklygyňyzy azaldar.

Bir käse ýyla suwa bir çaý çemçesi guradylan çopantelpegi salyň. 10 minut demlenenden soň sowadyk we pagtany çaýa batyryp, 10-15 minudyň dowamynda gabagyňyzyň üstüne goýuň. Rahatlanýançaňyz günde 3-4 gezek gaýtalap bilersiňiz.

 

     Fenhel ösümliginiň tohumy

Fenhel tohumy iriňlenmäni azaltmak üçin peýdalydyr we rahatlandyryjy özboluşlygy bilen gözleriň çyglylygyny kadalaşdyrýar.

Bir çaý çemçesi fenhel tohumyny gaýnan suwda 10-15 minut demläň. Sowandan soň patgany suwa batyryp, gabagyňyzyň üstüne goýuň. Günün dowamynda 2-3 gezek gaýtalamak maslahat berilýär.

      Aloe wera

Aloe wera gözleriňizi goraýan tebigy antioksidentlerden biridir. Aloe weranyň gelini gabaklaryňyza çalyň. Ol günde azynda iki gezek gaýtalanmaly.

 

     Lawanda ýagy

Lawanda ýagy rahatlandyryjy özbolyşlyga eýedir. Bir käse suwa birnäçe damja lawanda ýagyny goşuň. Garyň we mata bölejigini suwa batyryp, gabagyňyzyň üstüne goýuň. 10-15 minut soň gaýtalap bilersiňiz.

 

   Çopantelpek ýagy

Bir käse ýyly suwa birnäçe damja çopantelpek ýagyny goşuň. Garyň we arassa mata bölejigini suwa batyrdan soň gabagyňyza goýuň. Günüň dowamynda birnäçe gezek gaýtalap bilersiňiz.

 

      Zeýtun ýagy

Zeýtun ýagy gözlerdäki iriňlemäni we guraklyk sebäpli emele gelen biynjalyklygy ortadan aýyrmak taýdan peýdalydyr.

Barmagyňyzy zetun ýagyna çalaja batyryp, ony gabaklaryňyza çalyň. Birnäçe minudyň dowamynda eliňizi gabagyňyzyň üstüne goýup, garşyň. Gözüňizi ýuwmaň, ýag öz özünde teniňize siňer. Günde 2-3 gezek gaýtalap bilersiňiz.

 

      Balyk ýagy

Balygyň ýagy adamyň bedeni üçin ähli taraplaýyn peýdalydyr. Size balygyň ýagyny sarp etmegi maslahat berýäris.

       Gök çaý

Gök çaý gözleriňiziň rahatlanmagy üçin peýdalydyr. Gök çaýy demläp, 10-15 minut garaşyň. Sowandan soň bir bölejik pagtany çaýa batyryp gabagyňyza goýuň. 10-15 minut garaşyň we gaýtalaň.

 

    Gyzgyn kompress

Gyzgyn kompressleriň çyglylygywe ýylylygy özleri rahatlandyrýar. Arassa mata bölejigini alyp, bir käse ýyly suwa batyryň. Matany sykandan soň 5-10 minut gabaklaryňyzyn üstüne goýuň.



Degişli Habarlar