2021-nji Ýyl Türkiýaniň Ýewraziýa Gatnaşyklary Taýdan Nähili Geçdi

Ýewraziýa Syn

1763151
2021-nji Ýyl Türkiýaniň Ýewraziýa Gatnaşyklary Taýdan Nähili Geçdi

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýäniň Ýewraziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň 2021-nji ýylyň nahili geçendigine ser salmakçy.

2021-nji ýyl pandemiýanyň dowam eden, serhetleriň wagtal-wagtal ýapylan, ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň dikeldilmäge synanşylan ýyly boldy. Bu kynçylyklara garamazdan Türkiýe Ýewraziýa sebitindäki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny dowam etdirdi. İki taraply saparlar guraldy.

2021-nji ýylyň iýun aýynyň 15-16-sy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan Azerbaýjana sapar gurady. Saparda Şuşa beýannamasyna gol çekişildi. Preziden Erdogan 26-njy oktýabrda guran Azerbaýjan saparynda bolsa Halkara Fuzuli howa menzili açyldy. Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop, ministrler we resmi wekiliýetler ýylyň dowamynda Türkiýeden Azerbaýjana sapar guradylar.

2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Prezident Erdogan Soçide Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy. Putin Prezident Erdoganyň 2021-nji ýylda telefon arkaly ýygydan gepleşik geçiren liderlerinden biri boldy.

Prezident Erdogan 27-28-nji noýabrda Türkmenistana sapar gurady. İki ýurduň arasynda 8 ylalaşyga gol çekişildi. Erdogan 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda “Bilelikde Gelejege” temasy bilen geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşdy. 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Prezident Erdoganyň döwürleýin başlyklyk etmeginde guramanyň 14-nji sammiti “Kowid-19-dan soň Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” temasy bilen onlaýn formatda geçirilipdi.

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaý 27-nji iýunda Türkiýe-Özbegistan Bilelikdäki Hökümetara Ykdysady Topoaryň maslahatyna gatnaşmak üçin Özbegistana sapar gurady.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly mart aýynyň 5-10-y aralygynda Orta Aziýanyň üç ýurduna sapar gurady. Çawuşogly Samarkantda Türkiýäniň Başkonsullygyny, Bişkekde Gyrgyzstan-Türkiýe Manas uniwersitetiniň Saglyk öýüni we Pandemiýa garşy göreş laboratoriýasyny açdy.

Türkiýäniň Milli goranmak ministri Hulusi Akar 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 28-i bilen iýul aýynyň 2-si aralygynda Gyrgyzstana we Täjigistana sapar gurady.

2021-nji ýylda Gruziýanyň, Ukrainanyň we Gyrgyzstanyň liderleri Türkiýä sapar guradylar.

Prezident R.T.Erdogan 2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türki geňeşiň onlaýn formatda geçirilen “Türkistan: Türk dünýäsiniň ruhany paýtagtlaryndan biri” atly resmi däl samitine gatnaşdy. 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda Türki geňeşiň 8-nji sammiti Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

2021-nji ýylyň agyr ýyllardan biri bolandygyna garamazdan Türkiýäniň Ýewraziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary durnukly dowam etdi. Özara saparlar guraldy we halkara guramalaryň meýilleşdirilen sammitleri geçirildi. Sebit ýurtlaryndan Ukraina, Azerbaýjan, Türkmenistan we Gyrgyzstan türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny aldylar. Jemläp aýdanymyzda 2021-nji ýylda Türkiýe Ýewraziýa sebitinde ýerleşýan ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ösdürdi.



Degişli Habarlar