Taryhda ilkinji şaýlyk puluň Anadolyda ulanylandygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1763047
Taryhda ilkinji şaýlyk puluň Anadolyda ulanylandygyny bilýäňizmi?

Adamzat taryhynyň iň bir esasy açyşlaryndan biri bolan pul, b.e.ozalky 7-nji asyrda Lidialylar tarapyndan edilýär.

Anadolynyň günbatarynda gurlan Lidia swilizasiýasy Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşygynyň merkezini emele getirýärdi. Şol döwürlere çenli söwda gatnaşygy çalşyk arkaly edilýän bolsa, Lidia şasynyň görkezmesi bilen pul basylmaga başlanýar. Taryhda basylan ilkinji pullar kümüş we altyndan emele gelýän zikkelerdi.

Lidialylardan soň pul ulanmak barha ýaýbaňlanýar. Anadolyda oýlanyp tapylan pul, ilki Ortaýer deňizi sebitinde ýerleşýän medeniýetlere, ol ýerden hem gysga möhletde bütin dünýä ýaýraýar. Anadolyda gurlan swilizasiýalaryň şalary üstünde öz suratlary bolan pullary çykardylar. Pul çykarmak döwletleriň güýç we özygtyýarlylyk simwoluna öwrülýär.


Etiketkalar: #söwda , #pul , #Anadoly

Degişli Habarlar