Yhlara Jülgesi

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1759376
Yhlara Jülgesi
ıhlara-vadisi...jpg
ıhlara vadisi balon turları.jpg
ıhlara vadisi aksaray.jpg
ıhlara.jpg

Merkezi Anadoly sebitinde ýerleşýän Yhlara jülgesiniň dünýä meşhur kanionlaryndan biridigini bilýäňizmi?

Uzynlygu 18 kilometr, çuňlugy ortaça 150 we giňligi 200 metre barabar bolan Yhlara jülgesi Merkezi Anadolyda Aksaraý welaýatynyň çäklerinde ýerleşýär. Içinde müňlerçe ýaşaýyş zolagy ýerleşýän Yhlara jülgesi beýleki kanionlardan tapawutlylykda geçen asyrlarda adamlaryň ýaşan dünýäsiniň iň uly kaniony hasap edilýär. Jülgäni gurşap alýan gaýalaryň ýonulmagy bilen gurlan ýüzlerçe buthana hem-de öýler jülgäni dünýäniň iň esasy medeni merkezlerden birine öwürýär.

Yhlara jülgesi tebigaty bilen hem Türkiýäniň görülmäge mynasyp ýerlerinden biri. Diwar ýaly dik, çuň hem-de dar jülgäniň düýdündäki suwuň kenarynda gür ýaşyl zolak ýerleşýär. Jülgäniň golaýynda baýyr görnüşli we seýrek ösümlik gatlagy göze ilýär. Eýsem jülgäniň eňňitlerine seredilende baý we ýaşyl tebigy gözellik ünsleri çekýär. Sebitde çöl yklymy höküm sürýän hem bolsa, jülgäniň aşagynda Ortaýer deňiziniň yklymy duýulýar.



Degişli Habarlar