Sowukdan Jaýrylan Ellere Tebigy Bejergi Usullary”

Saglygym Baýlygym

1759249
Sowukdan Jaýrylan Ellere Tebigy Bejergi Usullary”

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Sowukdan jaýrylan ellere tebigy bejergi usullary” hakynda söhbet etmekçi.

Howanyň sowamagy deriniň guramagyna sebäp bolýar. Esasanda ynjyk derili adamlar üçin deri aşa gurandygy üçin jaýrylyp, egzamanyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Deriniň tebigylygyny gorap saklamak, çyglylygyny kadalaşdyrmak, derä gerek bolan bejergi taýdan kanagatlanarlydyr.

Jaýrylan elleriňiz üçin şu aşakdaky teklipleri hödürläp bileris;

       Suw:

Deriniň çyglylygyny gorap saklamak üçin günde ortaça 2 litr suw içilmeli.

     Zeýtun ýagy;

Zeýtun ýagy derini ýumşadýar, çyglandyrýar we hereket erkinligini üpjün edýar. Günde iki gezek 5-10 minut aralygynda elleriňize ýyly zeýtun ýagy bilen massaj ediň. Ony, zeýtun ýagyny kiçijik çüýşe gaba salyp, günüň dowamynda hem edip bilersiňiz.

Banan:

Bir bölek banany çarşak bilen ezip, bulamaç görnüşine getiriň. Soň elleriňize çalyň we ýarym sagat garaşyp, ýyly suw bilen ýuwuň. Soň bolsa çyglandyryjy krem çalmak maslahat berilýär.

Ikinji bir usul bolsa; ezilen banana azajyk bal we zeýtun ýagyny goşup, bulaň we elleriňize çalyň. 15-20 minut garaşyp, elleriňizi sowuk suw bilen ýuwuň.

Limonuň suwy:

Deň derejedäki limonuň suwuna bal we karbonat goşuň. Taýarlan erginiňizi elleriňize owup çalyň we 5 minut soň elleriňizi ýuwuň. Ol, hepdede 1-2 gezek gaýtalansa has netijeli bolar.

 

Aloýe wera:

Ter aloýe wera ýapragyny uzynlygyna kesip, düzümindäki suwklygy çykaryň. Elleriňize çalyp, birnäçe minut ýeňilje massaj ediň. 10-15 minut soň ýyly suw bilen durulaň. Günde 1-2 gezek çalmak maslahat berilýar.

 

Taze aloe wera ýaprağyny uzunlamasyna kesip içinden jelini çykarynyz. Ellerinize uýgulaýynyz we birkaç dakika hafifçe masaj ýapynyz. Daha sonra 10-15 dakika süre ile bekletiniz we ylyk su ile durulaýynyz. Günde 1-2 kez uýgulaýabilirsiniz.

 

Sowukdan guran, çat açan eller üçin bejergi usullary şulardan ybarat:

Ýumşadyjy masga

      1 nahar çemçesi zeýtun ýagy

     1 nahar çemçesi limon suwy

 

Zeýtun ýagyny we limonuň suwuny garyp, eliňizi gowuwa çalyň.

Çyglandyryjy maska

       1 sany gaýnadylan kartoşka

      1 tutum çopantelpek (guradylan)

      1çaý çemçesi wazelin

 

Gaýnadylan kartoşkany gowuja eziň. İçine wazelin goşuň. Gowuja garandan soň guradylyp, owradylan çopantelpegi goşuň. Ergini elleriňize çalyp, asa bilen saraň we ýarym sagat soň ýyly suw bilen ýuwuň.

 

Jaýryklaryň öňüni alyjy maska

     3 nahar çemçesi gül suwy

     3datly çemçesi badam ýagy

        2 datly çemçesi limon suwy

     1 datly çeşmesi alma sirkesi

Bularyň ählisi bir gapda garylmaly. Ergin ellere massaj görnüşini çalynmaly. Elleriň erkini gowuja çekmegi üçin eliňizi howa geçirmeýän paket bilen saryň. 30 minut soň ýyly suw bilen ýuwuň.


Etiketkalar: #saglyk , #jaýrylan

Degişli Habarlar