Zeýtun agajynyň ýapragynyň peýdalary
Saglygym Baýlygym
Saglygym Baýlygym 14.12.21.
Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda zeýtun agajynyň ýapragynyň peýdalary hakynda maglumat bermek isleýäris.
Zeýtun, çişi aýyryjy, ganyň düzümindäki süýjüniň mukdaryny azaldyjy, ýokary gan basyşyny aşaklandyryjy, aterosklerozyň öňüni alyjy, ganyň lipit derejesini kadalaşdyryjy, mikroplary ýok ediji, antioksident, antirak we ýene-de ençeme peýdasy bolan miwedir.
Zeýtunyň ýapraklary hem beden üçin iňňän peýdaly ösümlikdir. Esasanda;
- Zeýtunyň ýapraklary antioksident özboluşlygyna eýe.
- Böwreklerden suwklygyň işlenip çykarylyşyny artdyrýar.
- Zeýtun ýapragynyň çaýy insulin bolan garşylygyň bejergisinde we bedeniň agyrlygyna gözegçilik etmek üçin hem peýlanylýar.
Aýratynam süýji keseli üçin zeýtun ýapragynyň çaýy gandaky süýjiniň deňagramlaşdyrylmagyna peýdalydyr.
Zeýtun ýapragynyň çaýynyň beýleki peýdalary
- Öýjükleri gysga möhletde täzeleýär
Düzüminde omega ýag aşgarlary bolan zeýtun ýapragy düwürtikli deriniň arassalanmagyny üpjün edýän bolsa, düwürtigiň yzynyň galmagynyň öňüni alýar. Ýaralanma, gijilewük ýaly ýagdaýlarda deriniň täzelenmegini üpjün edýär.
- Ünsliligiň azlygy, ukynyň kadasyzlygy ýaly biynjalyklyklaryň ortadan aýrylmagynda peýdalydyr. Merkezi nerw ulgamyny güýçlendirji özbolyşlyga eýe.
- Ýüregiň sagdynlygyny goraýar
Yzgiderli häsýetde zeýtun ýapragynyň çaýyny içmek damaryň dykylmagynyň öňüni alýar. Gan basyşyny kadalaşdyrýar we duýdansyz gan basyşynyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Ganyň akyşyny kadalaşdyrýandygy üçin infarkt howpuny azaldýar. Bular bolsa düzümindäki Omega-3 ýag aşgarlary arkaly amala aşýar.
- Agyryny aýyryjy, rahatlandyryjy
Myşsa we kelle agyrysy bolanlara zeýtun ýapragynyň çaýyny içmek maslahat berilýär.
- Ýokanjy aýyryjy özbolyşlyga eýedir
Ýokarky demalyş ýolunda we peşew ýollarynda ýüze çykýan biynjalyklyklarda peýdalanylýar.
- Immunitet ulgamyny güýçlendirýar
E witamini we antioksident maddalary taýdan baý bolan zeýtun ýapragynyň çaýy, immunitet ulgamyny güýçlendirýär.
Zeýtun ýapragynyň çaýyny näçe gün içmeli?
Günde 2-3 gezek içmek maslahat berilýär. Has gowy netije almak üçin azyndan 2 aý içmeli. Zeýtun ýapragynyň çaýyny aç ýa-da dok içmek hakynda hiç hili garaýyş ýok.
Ertirlik naharynda-da içip bilersiňiz. Günüň dowamynda-da içmek maslahat berilýär.
Zeýtun ýapragynyň çaýy;
- Kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjeklere we çagalar maslahat berilmeýär.
- Işjeň erginlere allergiýasy bolanlar içmeli däl.
- Suwklyk içmegiň çäklendirilen şertlerinde (böwrek ýetmezçiligi, ýürek agyrysy we beýlekiler) içmek maslahat berilmeýär.
- Böwrek we ýürek agyrysy bolanlar lukman bilen maslahatlaşman içmeli däl.
- Zeýtun ýapragynyň çaýyny göwreli ýa-da çaga emdirýän zenanlaryň içmegi zyýanly hasap edilýär.
- Gan basyşy ýokary bolanlar lukmanlary bilen maslahatlaşmaly.
- Operasiýadan soň ýa-da hroniki derman ulanýanlara maslahat berilmeýär.
- Seýrek hem bolsa ýürek bulanmasy ýa-da gijilewük ýaly zyýanly täsirler ýüze çykan halatynda, çaýy içmek bes edilmeli.
Zeýtun ýapragynyň çaýyny nähili demlemeli?
Gerek bolan önümler:
- 1 datly çemçesi guradylan zeýtun ýapragy
- 200 milli litr gaýnan suw.
Taýýarlanyşy:
1-nji usul:
Bir çaşka ýa-da käse suwuň içine 6-10 gram guradylan zeýtun ýapragyny salyn. 10 minut denlenenden soň çaýy süzüp için.
2-nji usul:
Çaý: 6-10 gram owradylan ýa-da bütinleý guradylan ýapraklaryn üstüne 150 milli litr gaýnan suw guýmaly. 15-20 minut demläden soň süzüp içmeli. Günde üç gezek içmek maslahat berilmeýär.