Peýnir Muzeýi

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1749394
Peýnir Muzeýi

Kars welaýatynyň Bogatepe obasynda peýnir muzeýiniň bardygyny bilýäňizmi?

Kars şäherine 1 sagat alysda ýerleşýän Bogatepe, meşhur Kars grýuýer peýniriniň öndürilýän obasy. Şweýsariýalylaryň Alp daglaryna meňzeden obasynda şol bir wagtda-da Türkiýäniň ilkinji peýnir muzeýi ýerleşýär.

Obada 1880-nji ýylda gurlup, uzak ýyllaryň dowamynda ulanylmadyk süýt önümlerini öndürýän kärhana Bogatepe Daşky gurşawy goraýyş we ýaşaýyş jemgyýetiniň öňbaşçylygynda raýatlar tarapyndan abatlanyp, muzeýe öwrülipdir. 2010-njy ýylda açylan gastronomiýa muzeýine BMG-niň Galkynyş maksatnamasy tarapyndan hem goldaw berilýär.

Üç bölümden ybarat bolan muzeýde Bogatepe, Kars grýuýerini we peýniriň taryhyny beýan edýän suratlar bilen maglumatlar bar. Ol ýerde ýerli peýniriň taýýarlanyş tapgyrlary we peýniriň öndürilmeginde ulanylýan taryhy peýnir galyplary, gönezlik gaplary, tereziler ýaly peýnir öndürmekde ulanylýan enjamlary görmek mümkin. Muzeýiň içinde sebitde ösüp ýetişýän 100-e golaý tebigy ösümlik görnüşini tanyşdyrýan panno hem bar. Tebigy bejergi usullarynda peýdalanylýan şol ösümlikleriň atlary, fotosuratlary we haýsy bejergide ulanylýandygy gürrüň berilýär.


Etiketkalar: #Kars , #muzeý , #peýnir

Degişli Habarlar