Bolunyň Mengen etrabynyň “aşpezleriň diýarydygyny” bilýäňizmi?

Geňdir dünýe, giňdir dünýe

1739629
Bolunyň Mengen etrabynyň “aşpezleriň diýarydygyny” bilýäňizmi?

Bolu welaýatynyň Mengen etraby, Osmanly döwleti döwründen biziň günlerimize çenli taýarlan we 7 materige ugradan aşpezleri bilen “aşpezleriň diýary” hökmünde tanalýar.

Mengen aşpezliginiň taryhy, Osmanly köşk aşhanasyna çenli uzap gidýär. İýmegi içmegi halaýan patyşalardan biri hökmünde bilinýän, 1604-nji ýylda tagta çykan Ahmed Y-niň Mengenli aşpezleri Topgapy köşgüne getiren ilkinji patyşadygy bilinýär.

Osmanly köşklerinde başlan aşpezligiň taryhy, Respublika döwründe ýörite bilimini alan aşpezler bilen dowam edipdir. Mengenli aşpezler dünýä liderleri üçin ýörite tagamlar taýarlapdyr.

Mengenli aşpezler Mustafa Kemal Atatürkiň başda durmagynda Türkiýe Respublikasynyň ähli prezidentleri üçin dürli görnüşli tagamlary bişiripdir.

Türkiýede ilkinji aşpezlik mekdebi Mengende açylypdyr. Mengen aşpezlik mekdebi dünýäde ýakyndan tanalýan ilkinji 5 aşpezlik mekdebiniň hatarynda ýer alýar.

Mengen aşpezlik mekdebinde bilim alan aşpezler şu günki günde Ýakyn Ýakyn ýurtlarynda, Amerikada, Afrikada hatda Uzak Gündogar ýurtlarynda biri-birinden süýji naharlar bişirýär.


Etiketkalar: #Bolu , #aşhana , #aşpez

Degişli Habarlar