Pergament Kagyzy

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1736420
Pergament Kagyzy

Kagyzyň iň bir çydamly görnüşlerinden bilen bolan pergamentiň Pergamda öndürilendigini bilýäňizmi?

Derä hat ýazmagy oýlap tapan Bergama şalygynda papirusdan soň ulanmagy has amatly bolan kagyz oýlanyp tapylýar we ona “Pergam kagyzy” manysyny aňladýan pergament ady goýulýar.

B.e.ozalky 2-nji asyrda Müsüriň häkimiýeti papirusyň eksportuny gadagan edýär. Şondan soň maglumatlaryň goralmagyna we kitaplaryň sanynyň artdyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet beren Pergam şalygy papirusa alternatiw hat materialynyň tapylmagyny buýurýar. Döwrüň kitaphana müdiri we şol bir wagtda-da alym hem-de edebiýatçy bolan Sardesli Krates we Irodik şaha geçi hem-de owlak derisinden gerilip, guradylandan soň taýýarlanan hat materialyny getirýärler. Pergamyň kitaphanasy bilen Iskenderiýýäniň kitaphanasynyň arasynda geçen iň köp kitaba eýe bolma göreşi, pergamentiň oýlanyp tapylmagyny üpjün edýär. Elenistik döwürde pergament ilkinji gezek Pergamda öndürilendigi üçin ähli dillerdäki “pergament” ady şol şäherden gelip çykýar. Pergament, hat materialy taryhy taýdan öwrülşik nokady we medeni ösüşiň gözbaşy bolup durýar.



Degişli Habarlar