Özbegistanda geçirlen prezident saýlawy

Ýewraziýa Syn

1733506
Özbegistanda geçirlen prezident saýlawy

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Özbegistanda geçirlen prezident saýlawy hakynda maglumat bermekçi.

 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Özbegistanda prezident saýlawy geçirildi. 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw geňeşiniň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew saýlawyň resmi netijelerini beýan etdi. Saýlawyň resmi netijelerine görä, Liberal demokrat partiýanyň dalaşgäri Şawkat Mirziýoýew saýlawçylaryň 80,12 göteriminiň sesini alyp ikinji gezek prezidentlige saýlandy.

Saýlawda jemi 16 million 212 müň 343 saýlawçy ses berdi. Saýlawa bolan gatnaşyk 80,4 göterime deň boldy. Şawkat Mirziýoýew üçin 12 million 988 müň 964 saýlawçy ses berdi. Mirziýoýew 2016-njy ýylda geçirlen prezident saýlawynda saýlawçylaryň 88,61 göteriminiň sesini alypdy.  Saýlawyň netijeleri özbek halkynyň prezident Şawkat Mirziýoýewe uly goldaw berýändigini görkezýär.

Özbegistanda geçirlen prezident saýlawynda 5 dalaşgär bäsleşdi. Özbegistan Halk demokratiýa partiýasynyň dalaşgäri Maksuda Warisowa sesleriň 6,63 göterimini alyp saýlaw bäsleşiginde ikinji boldy. Dalaşgärlerden Milli Galkynyş Özbegistan demokrat partiýasynyň lideri Alişer Kadyrow sesleriň 5,48, Daşky gurşaw partiýasynyň lideri Narzulla Oblomuradow sesleriň 4,14 we Adalat we sosial demokrat partiýasynyň lideri Bahrom Abduhalimow hem sesleriň 3,39 göterimini aldy.

Prezident saýlawyna daşary ýurtly 660 we ýerli 64 müň 450 synçy gatnaşdy. Daşary ýurtly synçylar saýlawlaryň aç-açan ýagdaýda geçirlendigini nygtadylar. 223-i daşary ýurtly we 1439-y ýerli bolmak bilen prezident saýlawyna jemi 1662 žurnalist hem gatnaşdy.

Şawkat Mirziýoýew saýlawdan soň 25-nji oktýabrda beren beýannamasynda “Şu günki Özbegistan düýnki Özbegistan däl. Halkymyz hem 5 ýyl ozalky halk däl. Biz gazanan üstünliklerimiz, çeken zähmedimiz bilen ýene-de bir gezek özümizi dünýä jemgyýetçiligine görkezdik. İndi yza ýol ýok, Özbegistan diňe öňe gider” diýip belledi.

Özbegistanda prezident saýlawy etabynyň üstünlikli alnyp barylandygyny aýdyp bileris. Daşary ýurtly synçylaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habarlary hem muny açyk-aýdyň beýan edýär.

Soňky saýlawda Özbegistanda umuman partiýalaryň täsiriniň güýçlenýändigi, işjeň saýlaw kampaniýasynyň alnyp barylandygy ünsleri özüne çekdi. Bu ýagdaý ýurduň syýasy atmosferasyna we syýasy partiýalaryň arasyndaky bäsleşigiň ösmegine oňyn goşant goşar.

Prezident saýlawy ýurduň saýlaw ulgamyna käbir üýtgetmeleriň girizilmegine sebäp boldy. Ozallar saýlawda ses bermäge gelenler diňe pasportlary bilen ses berýärdi. Soňky saýlawda bolsa saýlawçylar sürüji şahadatnamalary bilen hem ses berdi. Saýlaw merkeziniň wagtlaýyn ýörite işgärlerine hak tölendi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew täze döwürde hem reformalaryny dowam etdirer. Sebäbi özbek halky saýlawda şol reformlara goldaw berjekdigini açyk aýdyň görkezdi.



Degişli Habarlar