Türkiýäniň kakadylan injir eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýändigini bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1733327
Türkiýäniň kakadylan injir eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýändigini bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-geňdir dünýe 01.11.21.

Türkiýäniň kakadylan injir eksportunda dünýäde birinji orny eýeleýändigini bilýäňizmi?

Injir taryhda ösdürlip ýetişdirilen ilkinji miwe hökmünde bilinýär. Injiriň galyndylary b.e.ozalky 5000-nji ýyla çenli baryp ýetýän Neolitiki gazuw-agtaryş işlerinde tapyldy. Ata watany ilki Siriýa we Palestina, soň bolsa Hindistana hem-de Hytaýa, 1500-nji ýyllarda bolsa Amerika çenli giňelipdir. Türkiýedäki esasy önümçilik merkezleri Izmir we Aýdyn welaýatlarydyr. Aýdyn injiri ÝB-niň geografik belgi alan ilkinji türk önümi. Kakadylan injir düzümindäki minerallar we ýokumlylyk sebäpli azyk önümleriniň arasynda özbolyşly orun tutýar. Ter injire görä süým taýdan ýokary bolan kakadylan injir, bedeniň siňdiriş funksiýasyna peýdaly. Ýokary antioksident çeşmesi hökmünde rak öýjükleriniň emele gelmeginiň öňüni alýar. Geçirilen barlaglar kakadylan injiriň gandaky ýagyň mukdaryny azaldyp, ýürek saglygyny goraýandygyny we bedeniň demir üpjünçiligini amala aşyrýandygyny görkezýär.

Kaliý, potasiý we magneziý minerallaryny özünde jemleýändigi üçin süňk sagdynlygy taýdan hem peýdalydyr. Ter we kakadylan injiriň göwüs ragynyň öňüniň alynmagynda peýdalydygy bilinýar. Sanardan köp peýdasy bolan kakadylan injiri, ýylyň islendik paslynda iýmek maslahat berilýär.



Degişli Habarlar