Prezident Erdoganyň Azerbaýjana Guran Sapary

Ýewraziýa Syn

1730249
Prezident Erdoganyň Azerbaýjana Guran Sapary

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Prezident R. T. Erdoganyň Azerbaýjana guran sapary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan 2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Azerbaýjanda saparda boldy. Halkara Fuzuli howa menzilinde Prezident Erdogany Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady. Aliýew bilen Erdogan 8 aýda gurluşygy tamamlanan halkara Fuzuli howa menzilini dabaraly ýagdaýda açdy. Howa menzili 12 türk firmasy tarapyndan guruldy. Sebitiň iň uly howa menzillerinden biri bolan Fuzuli howa menzili ahli görnüşli uçarlary kabul edip bilýär. Azerbaýjan Zeniglanda we Laçinde hem geljek ýyl täze howa menzilini açmagy meýilleşdirýär.

Howa menziliniň açylyş dabarasyndan soň Aliýew bilen Erdogan Ahmedbeýli-Fuzuli-Şuşa gara ýolunyň gurluşyk işleri bilen tanyş boldy we Goradiz-Jebraýil-Zengilan-Agbend gara ýolunyň gurluşygyna badalga berdi. Goradiz-Jebraýil-Zengilan-Agbend gara ýoly Zengezur koridorynyň açylmagy taýdan diýseň möhüm.

Erdogan bilen Aliýew soň bolsa Zengilan etrabynda gurulýan Dost Agroparkynyň gurluşyk işleri we Agaly obasynda ýerleşýän Akylly oba taslamasy bilen tanyş boldy. Ady agzalýan taslama sebitiň galkynyşy taýdan uly rol oýnaýar.

Ilham Aliýew bilen Prezident Erdogan Agaly obasynda geçirlen resmi garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi. İki kärdeş özra duşuşykdan  soň metbugata beýannama berdi. Prezident Erdogan beýannamasynda Ermenistanyň Azerbaýjan bilen başdan geçirýän kynçylygyny çözen halatynda Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarynyň hem kadalaşyp biljekdigini nygtady.

Prezident Erdogana Garabaga ikinji gezek sapar guramak bilen sebitiň galkynyşyna we Zengezur koridorynyň açylmagyna uly ähmiýet berýändiklerini ýene-de bir gezek görkezdi. Türkiýäniň sebitdäki maýa goýumlary Ankaranyň Azerbaýjana ýakyndan goldaw berýändigini açyk aýdyň görkezýär.

Ermenistanyň hökümetinden berlen soňky beýannamalar we ýüzlenmeler Zengezur koridorynyň açyljakdygyny we sebitdäki ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanjakdygyna ünsi çekýär. Ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanmagy, halkara tranzit koridorlara Ermenistanyň hem goşulmagy wagtyň geçmegi bilen sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky syýasy we medeni gatnaşyklaryň ösmegine itergi berer.

Wise-premýerler derejesinde Azerbaýjan-Ermenistan-Russiýa tarapyndan geçirilän üçtaraplaýyn maslahatlar Günorta Kawkazda başdan geçirilýän kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy taýdan uly jogapkärçiligi öz üstüne alýar. Russiýa indi Günbatarly ýurtlar goşulmazdan sebitiň kynçylyklarynyň çözülmegini isleýär.

Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň liderleriniň noýabr aýynda geçirmegi meýilleşdirýän duşuşygy sebitara meseleleriň çözülmegi taýdan esasy başlangyç bolup biler. Azerbaýjan-Ermenistan serhetleriniň kesgitlenmegi, sebitara transport koridorynyň açylmagy, Ermenistanyň goňşulary bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy ýaly meseleler duşuşygyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

2021-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkiýäniň we Azerbaýjanyň prezidentleri tarapyndan kabul edilen Şuşa jarnamasy durmuşa geçirilýär. Şuşa jarnamasynyň täsirini noýabr aýynda Stambulda geçiriljek Türk geňeşiniň maslahatynda hem görmek bolar.

Gysgaça aýdanymyzda Prezident Erdoganyň Garabaga guran sapary sebitiň galkynyşy, Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň jebisligi taýdan netijeli geçdi.



Degişli Habarlar