Göz basynjynda tebigy bejergi usullary

Saglygym baýlygym

1726902
Göz basynjynda tebigy bejergi usullary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda göz basynjynda tebigy bejergi usullary hakynda käbir maslahatlary dykgatyňyza ýetirmekçi.

Göz basynjy “Glokom” atlandyrylýan göz hassalygydyr. Optiki myşsanyň funksiýasyny ýitirmegi netijesinde ýüze çykýar we howply hasaplanylýar. Gözüň içindäki basynjyň ýygy-ýygydan artmagy sebäpli emele gelýär. Gözüň içindäki basynç ýokarladygy saýyn; görüş giňişligi azalýar. Wagtyň geçmegi bilen hemişelik körlüge çenli baryp ýetýän ýitgileriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Göz basynjy umuman hemmeler üçin bar bolan howpdyr. Emma 40 ýaşdan ýokardaky adamlarda has giňden ýüze çykyp bilýär. Görüş duýgusyny duýdansyz we bilniksizden ortadan aýyrýan hassalyk, wagtynda bejerilmese görüş duýgusyny ýokary mukdarda ýok etdirýär.

Göz basynjy uzak ýyllaryň dowamynda ýüze çykýan, giçi-girim alamatlar bilen duýdurýan göz keseli hökmünde-de bilinýär.

Göz basynjynda tebigy bejergi usullaryndan käbirleri şulardan ybarat;

  1. Pomir suwy bilen bejergi

Göz basynjynyň bejergisi üçin peýdalanylýan tebigy bejergilerden biri hem pomidor suwy bilen edilýän glakom bejegisidir. 30 günüň dowamynda edilýän tebigy bejergi usuly göz basynjynyň aşakladylmagyna peýdalydyr. Her gün günorta naharyndan ortaça 1 sagat öň içilmek maslahat berilýär.

Pomidoryň suwy esasanda 35 ýaşdan ýokardaky adamlarda göz basynjynyň bejergisinde peýdalydyr.

  1. Noýba

Noýba, göz basynjy üçin hem peýdalydyr. Göz basynjyndan biynjalyk bolanlara hepdede azyndan 1 gezek noýba iýmek maslahat berilýär. Noýbanyň dürli görnüşlerde taýarlanyp iýilmegi peýdalydyr.

  1. Gara baş oty

Gara baş oty, gaýnadylyp çaý hökmünde içilende göz basynjy üçin peýdaly bolýar. Gara baş otunyň çaýyny günde bir käse içip, göz basynjyny kadalaşdyrmak mümkin.

  1. Gara tmin
  2. Yzgiderli häsýetde her gün irden 1 çaý çemçesi tmini çeýnemek göz basynjyny kadalaşdyryp biler.
  3. Kaşir
  4. Günüň dowamynda kaşir iýmek ýa-da saladlara goşup, käşiriň suwuny içmek göz basynjyny kadalaşdyrýar.
  5. Ysmanak

Göz basynjy hassalygy bolanlaryň kadaly görnüşde ysmanak iýmegi maslahat berilýär.

  1. Melissa çaýy

Melissa çaýy ganyň akyşyna gözegçilik edýän, damarlary ýumşadýan ösümlik çaýydyr. Melissa çaýyny kadaly içmek peýdalydyr.

  1. Keten tohumu
  2. Bir datly çemçesi üwelen keten tohumyny, bir käse gatyga goşup iýmek göz basynjyny kadalaşdyrar.
  3. Karotenoidleri ýokary bolan azyklar:

Apelsin we sary reňkli gök önümler gözleriň sagdynlygy üçin ýeterlik mukdarda A witanyny üpjün edýär. Şol azyklaryň antioksidentleri hem ýokary mukdardadyr.

  1. Zerdeçal

Zerdeçally çaý içmek ýa-da azyklary sarp etmek göz basynjyna peýdalydyr.

  1. Soganyň suwy
  2.  Rezene:

Göz basynjy keselliler yzgiderli görnüşde rezene çaýyny içip bilerler.

  1. Ter miwe we gök önümleriň suwy: Ter gök we miweleriň suwy gözleriň sagdynlygy üçin gerek bolan witaminleri, minerallary we antioksidentleri özünde jemleýär.
  2. Deňiz balygy we balygyň ýagy:
  3. Göz içi basynjyny kadalaşdyrmak üçin peýdalanylýar.
  4. Magnezili azyklar:

Kädi çigi, ysmanak, badam, künji, awakado, banan, nar, pomidor we şalgam düzüminde magneziý bolan önümlerdir. Gan damarlaryny rahatlandyryp, ganyň kadaly akmagyny üpjün edýärler.

  1. Maşk etmek göz basynjyny aşaklatmak taýdan peýdalydyr. Ýöriş, tigir sürmek ýaly sportuň görnüşleri hem maslahat berilýär.
  2. Ýokary göz basynjynyň stress bilen gönüden arabaglanşyklydygy kesgitlenendir. Şol sebäpli göz basynjyny azaltmak üçin stressiň derejesi azaldylmaly.

Göze basyş edýän, reaksiýa emele getirýän azyklardan çetde durulmaly.

Kafeim, şeker ýaly azyklar glakom hassalygyna sezewar bolanlar üçin maslahat berilmeýär.



Degişli Habarlar