Günorta Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar

Ýewraziýa syn

1723028
Günorta Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar

Azerbaýjanyň ýeňişi bilen netijelenen we 44 gün dowam eden Garabag söweşiniň üstünden 1 ýyl geçdi. Günorta Kawkazda başdan geçirilýän kynçylyklar bolsa doly çözülmedi. Emma bu meseläniň çözülmegi möhüm gepleşikler geçirildi

Geliň ilki şol gepleşiklere ser salalyň.

2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Russiýa Federassiýasynyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Moskwada duşuşdy. Şu ýyl 4-ünji gezek duşuşan liderler Garabagda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmanýam Žaishankar 2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Ermenistanda saparda boldy. Subrahmanýam Žaishankar Ermenistana sapar guran Hindistanyň ilkinji daşary işler ministri boldy. Hindistanyň Daşary işler ministri saparynyň çäginde Ermenistanyň Premýer-ministri, Mejlisiň başlygy we Daşary işler ministri bilen aýry aýry gepleşikler geçirdi. Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan hindistanly kärdeşi bilen geçiren özara duşuşyygyndan soň beren beýannamasynda iki ýurduň arasynda goranyş pudagynda edilýän gatnaşyklaryň pugtalandyryljakdygyny aýtdy.

2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Moskwada, Russiýanyň, Ermenistanyň we Azerbaýjanyň dini liderleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Dini liderler maslahatda Günorta Kawkazda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin çagyryş berdi.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 14-de Minsk şäherinde Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleri duşuşyk geçirdi. Üç kärdeş Garbag meselesi hakynda pikir alyşdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Garaşsyzlyk döwletleriň arkalaşygyna girýän ýurtlaryň liderler maslahatynda eden çykyşynda Ermenistan bilen serhetleriň kesgitlenmegi we parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin gepleşik geçirmäge taýardyklaryny aýtdy. Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem şol maslahatda Minsk toparynyň öňbaşçylygynda Azerbaýjan bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge taýardyklaryny nygtady. Paşinýan, ýesirleriň boşadylmagynyň öwezine mina goýlan ähli ýerleriň kartasyny bermäge taýardyklaryny belledi.

2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri, 2020-njy ýylyň noýabr aýyndan soň ilkinji duşuşygyny geçirdi. Oktýabr aýynyň birinji ýarymynda bolsa diplomatik tagallalaryň depgininiň güýçlenendigine şaýatlyk edýäris. Ermenistanyň Premýer-ministriniň Zengezur koridorynyň açylmagyna oňyn garamagy diýseň möhüm. Bu hem Kawkazda ýerleşýän ýurtlaryň başdan geçirýän kynçylyklaryny özleriniň çözmek isleýändigini görkezýär. Sebitleýin kynçylyklaryň çözülmeginden soň Günorta Kawkazda Günorta-Gündogar aragatnaşyk koridoryndan soň Günorta-Demirgazyk koridorynyň açylmagy meselesi hem gün tertibine getirlip bilner.  Başdan geçirlen soňky wakalar sebitiň durnuklylygy we galkynyşy taýdan diýseň möhüm.



Degişli Habarlar