Gaziantep Baklawasy

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1723038
Gaziantep Baklawasy

Gaziantep baklawasynyň ÝB-de geografiki belgi hökmünde bellige alynandygyny bilýäňizmi?

Baklawa Orta Aziýa mahsus datly görnüşlerinden we türkleriň Anadola getiren tagamlaryndan biridir. Wagtyň geçmegi bilen Osman köşk aşhanasynda ençeme görnüşi taýarlanmaga başlanyp, häzirki özbolyşlygyna eýe bolupdyr. Baklawa diýlende ilki bilen Gaziantep baklawasy ýada düşýär. Türkiýäniň Gaziantep şäherinde dörän we atadan ogula, ussadan şägirdine öwredilip, biziň günlerimize gelip ýeten Gaziantep baklawasy, milli türk aşhanasynyň esasy datlylaryndan biridir.

Ýewropa Komissiýasy 2013-nji ýylda Gaziantep baklawasynyň “adynyň özboluşlygyny gorap saklanlaryň” we “geografiki belgisi hemaýat astyna alynanlaryň” sanawyna goşulmagyny tassyklady. Özüne mahsus bişirlişi, ulanylýan önümleriň görnüşleri we hili bilen marka öwrülen Gaziantep baklawasy, geografiki belgi hökmünde bellige alynyp, Türkiýäniň esasy tagamlaryndan birine öwrüldi. Gaziantep baklawasynyň eýe bolan belgisi, onuň özüne mahsus özbolyşlyklaryny goramagy, erbet niýetli ulanylmagynyň we öýkünme görnüşleriniň ýüze çykmagynyň öňüniň alynmagy taýdan iňňän möhüm ähmiýete eýe. ÝB-de bellige alynan türk aşhanasynyň ilkinji tagamy Gaziantep baklawasy indi diňe türk saçaklarynyň däl, eýsem Ýewropada-da saçaklaryň bezegi….

 


Etiketkalar: #Gaziantep , #baklawa , #datly

Degişli Habarlar