Dümew we gribal ýokançlarda tebigy bejergi usulary

Saglygym baýlygym

1723033
Dümew we gribal ýokançlarda tebigy bejergi usulary

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda dümew we gribal ýokançlarda tebigy bejergi usulary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Gyş aýlarynyň golaýlap gelmegi bilen sowuklama döwri hem başlaýar. Sowuk howalarda we pasyllaryň çalyşýan günlerinde özümizi grippden goramak möhümdir.

Gyş aýlaryny grippsiz geçirmek üçin ilki bilen immunitet ulgamymyz güýçli bolmaly. J we E witamini taýdan baý gök hem-de miwe önümleri sarp edilmeli. Şonuň ýany bilen bokurdak we angina ýokançlarynyň öňüni almak üçin goraýyjy tebigy ösümlik şypalaryndan peýdalanmak maslahat berilýär.

 

  1. Gury sogan şypasy: Sogan, kesellerden we ýokançlardan goranmagyňyz taýdan peýdalydyr. Sogan gyzgynyň galmagyna, grippiň bejergisine, üsgülewige we allergiýalara peýdalydyr.

 

Gerek bolan önümler:

  • 1 sany goňur gabykly sogan
  • 2 käse suw

 

Soganyň goňur gabyklaryny artyp, 2 käse suwuň içine salmaly, agzyny ýapyp 5-6 minut gaýnatmaly. Soň sowadylyp süzmeli we içmeli.

 

  1. Zenjebil çaýy:
  • 1 nahar çemçesi gyralan ter zenjebil
  • 1 käse suw
  • 1 nahar çemçesi limon suwy
  • 1 nahar çemçesi bal

 

1 käse suwuň içine 1 nahar çemçesi gyralan ter zenjebil goşup, gaýnatmaly. Zenjebil köp gaýnadylan halatynda tagamy ajaýar. Şol sebäpli gaýnan mahaly aşagyny öçürmeli we 5 minut deme goýmaly. Soň süzüp, bal we limon goşup içmeli.

Gripp çaýy;

Gerek bolan önümler:

  • Lipa ýapragy
  • Zenjebil
  • Gwozdika güli
  • Dalçyn
  • Suw

 

Bu çaý taýýarlanýarka adam sanyna görä içindäki önümler artydyrylyp, ýa-da azaldylyp bilner. Ähli önümler çäýnege salynyp, üstüne gaýnan suw guýmaly we demlenýänçä garaşmaly. İçine linon we bal goşup bilersiňiz.

 

  1. İtburny çaýy;

Gerek bolan önümler:

  • 1,5-2 çaý çemçesi itburny
  • Suw
  • Bal

 

1 çaşka çaý üçin 1,5-2 çaý çemçesi owradylan itburny ulanyp bilersiňiz. Kaýnan suwy käsä guýandan soň 10-15 minut demine goýmaly. Süzülenden soň turşumtyl bolan çaýa bal goşup içmek maslahat berilýär.

  1. Grippe we sowuklama garşy nar gabygy hem-de garabaş ösümligi;

Üç sany 50 teňňe ululygyndaky nar gabygy bölejigini gaýnan 1,5 käse hlorsyz suwa salmaly we pesejik otda 5 minut gaýnatmaly, bäşinji minutda 3 baş garabaş ösümligini goşmaly we üç ýene-de üç minut gaýnatmaly. Soň süzüp, sowatmaly.

Sowandan soň günde bir gezek aç garna bir käse içmeli. Bu şypadan bir hepde üznüksiz peýdalanmaly.

 

  1. Lipa iriňi aýyryjy we agyryny diňdiriji özboluşlygy eýe bolýan bolsa, bokurdagy ýumşatmagy netijesinde sowuklama sebäpli emele gelýan üsgülewigiň aýrylmagyna peýdalydyr.
  2. Agyz we bokurdak iriňlemelerinde peýdalanylýan adaçaýy ösümliginiň düzümindäki uçujy düzümler agyz we bokurdak irinlemesiniň aýrylmagyna peýdalydyr. Şeýlelikde çaý görnüşinde taýýarlanýan (gaýnatmaly däl) ada çaýy bilen agyz we bokurdagy çaýkamak maslahat berilýär.
  3. Linon we bal bilen bilelikde taýýarlanan zenjebil köki sowuklama, dümewe, bokurdak agyrysyna we üsgülewige peýdalydyr. Zenjebil immuniteti hem güýçlendiriji özbolyşlyga eýedir.
  4. Gwozdika agyz we bokurdak mukozasyna peýdalydyr.
  5. Üwelen we üwelmedik gara burç bilen demlenen çaý, bokurdak ýokanjynda agzy we bokurdagy çaýkamak üçin maslahat berilýär.
  6. Tudana toşaby dümewde we grippde peýdalydyr.
  7. Käkilik otuny we burçy gaýnadyp içmek maslahat berilýär.
  8. Orta ululykdaky sogany inçejik dograp, zeýtun ýagy we limon goşulandan soň salat görnüşinde çörek bilen iýmek peýdalydyr.
  9. İrden we agşam sarymsak iýmek maslahat berilýär.

Etiketkalar: #sowuklama , #gripp , #dümew

Degişli Habarlar