Ýesemek Açyk Howa Muzeýi

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1720919
Ýesemek Açyk Howa Muzeýi
Yesemek.jpg
yesemek acik hava muzesi bb6.jpg
Yesemek.jpg
yesemek.jpg

Gaziantep welaýatynda 3 müň ýyllyk taryhy heýkel ussahanasynyň bardygyny bilýäňizmi?

Türkiýäniň Günorta-Gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän Gaziantep welaýatyndaky Ýesemek açyk howa muzeýi we heýkel ussahanasy üç müň ýyl ozal Hitit imperiýasy zamasynda açylan, Ýakyn Gündogaryň iň uly daş magdany we heýkeltaraşlyk ussahanasydy. 1890-njy ýylda açylan zolak, ýakyn geçmişde Gaziantebiň muzeý Müdirligi tarapyndan abatlanyp, açyk howa muzeýine öwrüldi.

Ýüzlerçe sünnälenen daşyň ýeriň aşagyndan çykarylyp, belli bir tertipde sergilenýän ýeri bolan Ýesemek açyk howa muzeýinde eksponatlaryň esasy bölegini gapy ýolbarslar emele getirýär. Tonnalarça agramy bolan 518 heýkeliň sergilenýän açyk howa muzeýinde sfensler, gapy ýolbarslary, ganatly ýolbarslar, Dag taňrysynyň güberçekleri, uruş sahnasynyň güberçekleri we binagärlige degişli eskponatlar tebigy şertlerde sergilenýar.

ÝUNESKO-nyň Dünýä mirasynyň wagtlaýyn sanawyna girizilen we her ýyl dünýäniň çart tarapyndan adamlary kabul edýän Ýesemek açyk howa muzeýi we heýkel ussahanasy 2021-nji ýylda-da pandemiýa garamazdan 15 müň syýahatçyny kabul etdi.


Etiketkalar: #muzeý , #açyk howa , #Gaziantep

Degişli Habarlar