Türkiýäniň Ilkinji Uçar Zawody

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1717554
Türkiýäniň Ilkinji Uçar Zawody

Türkiýede ilkinji uçar zawodunyň 1926-njy ýylda açylandygyny bilýäňizmi?

Respublikanyň yglan edilmegi bilen birlikde Türkiýe tas ähli ugurda uly ösüş tapgyryna başlaýar. Awiasiýa hem şolardan biridi. M.Kemal Atatürk Türkiýede awiasiýanyň ösmegine aýratyn uly ähmiýet berýärdi. 1925-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Ministrler kabinetiniň kararyna laýyklykda 3,5 million Türk lirasy maýaly firma açylýar. Paýlaryň 51 göterimi Türk milli goranmak ministrligine, 49 göterimi nemes “Ýunkers” uçar zawoduna degişlidi. Kaýseri uçar zawody üçin degişli enjamlar Germaniýadan getirilýär. 1926-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda döwlet dabarasy bilen açylan zawod, 6 hangarda 50 türk, 120 nemes ilçisi bilen önümçilige başlaýar. Zawod açylan mahaly dünýäniň iň uly uçar zawodlaryndan biri.

Nemes firmasy açylmagndan iki ýyl soň paýlaryny Türk awiasiýa guramasyna tabşyrýar we zawod birnaçe aý soň önümçiligi bes edýar. 1930-njy ýylda gaýtadan açylan Kaýseri Uçar zawodynda 1942-nji ýyla çenli 7 modelde jemi 212 uçar öndürilýär. 1940-njy ýyllarda ABŞ-ynň Türkiýä beren Marşall kömeginiň täsiri bilen uçar zawody ilki önümçilgi bes edýar, soň bolsa zawod Awiasiýa abatlaýyş merkezine öwrülýär.



Degişli Habarlar