TÜRKPA-nyň 10-njy Sessiýasy Geçirildi

Ýewraziýa Syn

1717195
TÜRKPA-nyň 10-njy Sessiýasy Geçirildi

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda TÜRKPA-nyň Gazagystanda geçirilen Sessiýasy hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 27-28-i aralygynda Türki dilli döwletleriň Parlamentar Assambleýasynyň (TURKPA) 10-njy Sessiýasy Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirildi. Türk dünýäsiniň ruhany paýtagty yglan edilen Türküstan şäherinde geçirilen maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Türkiýäniň Mejlisleriniň başlyklary, Özbegistanyň we Wegrianyň Mejlisleriniň başlyklarynyň orunbasarlary, Türk geňeşiniň, Halkara Türk Akedemiýasynyň we TÜRKSOÝ-yň wekilleri gatnaşdylar.

TÜRKPA-nyň Assambleýasynyň açylyşynda Gazagystanyň esaslandyryjy Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň ýüzlenmeleri okaldy. Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew maslahata ugradan ýüzlenmesinde Halkara biologik howpsuzlyk gullugyny döretmegi teklip etdi. Maslahata gatnaşyjylar Tokaýewi goldap, maslahatyň jemleýji jarnamasynda şol teklibe orun berdiler.

Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Nurlan Nigmatulliniň ýer eýeçiliginde geçirilen maslahatda gurama agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar we parlamen ara hyzmatdaşlyk, sebitleýin howpsuzlyk ýaly meseleler seljerildi. Guramanyň döwürleýin başlyklygy Azerbaýjandan Gazagystana geçdi.

Merkezi ofisi Bakuwda ýerleşýän TÜRKPA, türki dilli döwletleriň, esasanda türki dilli döwletleriň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iş alyp barýar. 10-njy Sessiýada guramanyň täze baş Sekretary we orunbasarlary bellendi. TÜRKPA-nyň baş Sekretarlygyna tejribeli diplomat Mehmet Süreýýa Er saýlandy. Täze baş Sekretar mundan ozal TİKA-nyň başlygynyň orunbasary we Türkiýäniň Özbegistandaky Ilçisi bolup işländi üçin türki dünýäni ýakyndan tanaýar.

Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Nurlan Nigmatullin maslahatda sözlän sözünde “Türk Garaýyşy 2040” strategik resminamany goldaýjy nusgawy kanunlaryň kabul edilmelidigini aýtdy. Nigmatullin kiber howpsuzlyk boýunça kabul ediljek kanunuň oňa mysal bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Maslahatyň ahyrynda TÜRKPA-nyň 10-njy Sessiýasynyň Türküstan Jarnamasy çap edildi. nobatdaky maslahat 2022-nji ýylda Bişkekde geçiriler.

Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop maslahatdan ozal Nursoltan şäherinde Gazagystanyň Preizdenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gazagystanyň esaslandyryjy Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Gazagystanyň Mejlisiniň we Senatynyň Başlyklary bilen duşuşyklar geçirdi. Halkara Hoja Ahmet Ýasawy Gazak-Türk Uniwersitetine baryp gören Şentop, Halkara Türk Akademiýasynyň guran çäresine gatnaşdy.

Türkiýe 30 ýyldan bäri Türk dünýäsiniň bitewileşmegi üçin tagallasyny dowam etdirýär. Türk dünýäsini jebisleşdiriji çäreleri we guramalary işjeň goldaýan Türkiýe, TÜRKPA-nyň halkara gurama öwrülmeginde işjeň pozisiýa eýeledi.

2008-nji ýylda döredilen TÜRKPA, halkara arenada türki dilli döwletleriň giňden tanalmagy, beýleki halkara guramalary, parlamentler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ugurlarda öňbaşçy pozisiýa eýeleýär.

Türki dilli döwletleriň halkara arenada bilelikdäki diskursy saýlap almagy, bilelikde hereket etmekleri üçin birlikde kanun tekliplerini kabul etmekleri, şol ugurlarda ylalaşyk gazanmaklary gerek. Şol jähtden TÜRKPA-nyň üstüne uly jogapkärçilikler düşýär. TÜRKPA halkara arenada türk dünýäsiniň ygtyýaryna wekilçilik edýär.



Degişli Habarlar