Ýewraziýa Syn

Orta Aziýa Döwletleriniň Liderleriniň BMG-niň 76-njy Sessiýasynda Gün Tertibine Getiren Meseleleri

1714261
Ýewraziýa Syn

2021-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab kwartirasynda 76-njy Sessiýa öz işine başlady. Üstümizdäki aýyň 21-27-si aralygynda BMG-na agza ýurtlawryň liderleri we wekiliýetleriniň ýolbaşçylary BMG-niň Baş Assambleýasynda çyşyk etdiler. Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri BMG-niň 76-njy Sessiýasyna wideo ýüzlenme bilen gatnaşdylar. Orta Aziýa döwletleriniň liderleriniň çykyşlarynyn esasy ugruny Owganystan meselesi emele getirdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew BMG-niň Sessiýasynda eden çykyşynda Owganystanyň halkyna degişli goldawyň berilmelidigini nygtady. Tokaýew owgan halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin BMG-niň düzümleriniň we beýleki ynsanperwer guramalaryň Owganystana gyssagly, howpsuz we bökdençsiz elýeterlilik şertlerine eýe bolmalydygyny beýan edip, bu ugurda Almatyda BMG-niň sebitleýin merkeziniň açylmagynyň peýdaly boljakdygyny aýtdy. Tokaýew aýratynam BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Owganystanda gepleşikler arkaly giň gerimli hökümetiň gurulmagy hakyndaky çagyryşyny goldady.

Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynda sözlän sözünde Owganystandan ewakuasiýasy dowam edýän BMG-niň düzümleriniň wagtlaýynça Bişkege ýerleşdirilmegini teklip etdi. Japarow owgan ýaşlaryna gyrgyz ýokary mekdeplerinde bilim almaklary üçin şert döredip biljekdiklerini aýtdy.

Täjigistanyň döwlet Ýolbaşçysy İmomali Rahman bolsa BMG-niň 76-njy Sessiýasynda eden çykyşynda Talibanyň häkimiýet başyna geçmeiniň sebitdäki geosyýasy şertleri hasam çylşyrymlaşdyrandygyny beýan etdi. Rahman Owganystanyň ilatynyň 46 göteriminden gowragyny emele getirýän täjikleriň beýleki etkiki halklar bilen birlikde döwlet dolanşygynda orun alma hukugyna eýedigini nygtady. Täjigistanyň lideri Owgtanystanyň halkyna kömek etmek boýunça BMG-niň öňbaşçy pozisiýa eýelemelidigini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baş Assambleýada sözlän sözünde Owganystandaky hakykatlaryň özgerendigini nygtap; “Syýasy çemeleşmeri iş ýüzüne geçirýärkäk ideologik düşünjeleri, öýke-kinäni, endikleri we ýalňyş garaýyşlary bir gyra goýup, ähli zatdan ozal söweşlerden we kynçylyklardan bizar bolan, parahatçylykly, asuda we eşretli durmuşyň arzuwyny edýän owgan halkyny pikir edeliň” diýdi. Berdimuhamedow Owganystana ykdysady goldaw we ynsanperwer kömek bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bolsa BMG-niň 76-njy Sessiýasyndaky çykyşynda Özbegistanyň owgan halyna elmydama goldaw berýändigini, golaýda özbek-owgan serhet geçelgeleriniň açyljakdygyny nygtady we Owganystana degişli goldawyň berilmelidigini nygtady. Özbegistanyň Prezidenti Owganystan meselesinde BMG-niň pozisiýasynyň güýçlenmelidigini beýan etdi.

Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasyndaky gepleşikleriň temasy “KOWİD-19 pandemiýasynyň hötdesinden gelmek, durnuklylygyň gaýtadan dikeldilmegi, planetanyň islegleriniň kanagatlandyrylmagy, adamlaryň hukuklaryna sarpa goýmak we BMG-niň pozisiýasynyň gaýtadan güýçlendirilmegi üçin çydamlylygyň umyt bilen üpjün edilmegi” hökmünde kesgitlenipdi. Orta Aziýa döwletleriniň liderleri hem çykyşlarynda Kowid-19 pandemiýasy we sanjym hakynda durup geçdiler. Käbir liderler ýurtlaryna sanjym berenlere sagbolsun aýtdylar. Liderler aýratynam BMG-niň 76-njy Sessiýasyndaky çykyşlarynda howa çalşygy meselesinde durup geçip, çözgüt ýollary we şonuň bilen bagly maksatlaryny beýan etdiler.


Etiketkalar: #Ýewraziýa Syn

Degişli Habarlar