Kollektiw Howpsuzlyk Ylalaşygy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramalarynyň Duşenbedäki Maslahatlary

Ýewraziýa Syn

1710460
Kollektiw Howpsuzlyk Ylalaşygy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramalarynyň Duşenbedäki Maslahatlary

Tapgyrlaýyn gepgelimiziň nobatdaky sanynda Kollektiw Howpsuzlyk Ylalaşygy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramalarynyň Duşenbe şäherinde geçirilen maslahatlary hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 16-17-si aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasy bilen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatlary geçirildi.

Täjigistanyň Prezidenti Ymomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde Kollektiw Howpsuzlyk Ylalaşygy guramasynyň maslahaty geçirildi. 16-njy sentýabrda geçirilen maslahata Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin wideokonferensiýa ulgamy arkaly, Belarusyň Preidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomar Tokaýew we Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow gatnaşdy. Bärde Russiýanyň lideriniň ýakyn işdeşlerine koronawirusyň ýolukmagy sebäpli özüni karantine alandygyny nygtap geçmek ýerlik bolar.

Kollektiw Howpsuzlyk Guramasynyň maslahatynda Owganystandaky wakalar we şol wakalaryň agza döwletleriň howpsuzlygyna ýetirýän täsirleri ara alynyp maslahatlaşyldy. Aýratynam guramanyň soňky döwürde alyp baran işleri seljerildi. Kollektiw Howpsuzlyk Guramasynyň baş Sekretary Stanislaw Zasyň beýan etmegine görä, gurama agza ýurtlaryň liderleri Owganystanda abanýan howplara garşy göreşde arkalaşygyň güýçlendirilmegi üçin goşmaça çäreleriň görülmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy. Gurama serhetdäki şertler agyrlaşan halatynda Täjigistanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça kollektiw çäreleri belledi we resmi Duşenbe tarapyndan teklip edilen Täjigistan-Owganystan serhediniň güýçlendirilmegi hakyndaky maksatnamanyň iş ýüzüne geçirilişiniň depginini güýçlendirmek boýunça karar kabul etdi. Maslahatda, kollektiw ýokary depginli göreş güýçleriniň döwrebap ýaraglar we harby enjamlar bilen üpjün edilmegi hakyndaky maksatnama we beýleki möhüm resminamalara gol çekişildi. Guramanyň döwürleýin başlyklygy Täjigistandan Ermenistana geçdi.

Üstümizdäki aýyň 17-de Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) Döwlet Ýolbaşçylarynyň sammiti gurama agza we synçy derejesindäki ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagynda Täjigistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň we Pakistanyň döwlet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Russiýa, Hytaý, Hindistan we Mongoliýa döwletleriniň ýolbaşçylary maslahata wideokonferensiýa ulgamy arkaly gatnaşdylar.

Sammitde sebitleýin howpsuzlyk, terrorizme garşy göreşiň utgaşyklygy we synçy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi bilen bagly meseleler seljerildi. Guramanyň 20 ýyllygy mynasybetli Jarnama we 30 resminama gol çekişildi. ŞHG-na agza ýurtlar şol jarnamada owgan halkyndaky ähli etniki, dini we syýasy toparlaryň gatnaşmagynda Owganystanda giň gerimli hökümetiň gurulmagynyň möhümdigini beýan etdiler. Aýratynam jarnamada gurama agza ýurtlaryň Owganystanyň terrorizmden, söweşden we neşe maddalaryndan saplanan garaşsyz, bitarap, bitewi, demokratik we parahatçylykly döwlet bolmagyny goldaýandyklary nygtaldy.

Eýranyň gurama kabul edilmegi üçin proseduranyň başladylmagy hakyndaky hyzmatdaşlyk resminamasy sammitde gol çekişilen esasy resminamalardan biri boldy.

ŞHG-nyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň sammitinden soň Kollektiw Howpsuzlyk guramasy bilen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Owganystan meselesi boýunça bilelikdäki maslahaty geçirildi. Maslahatda döwlet ýolbaşçylary Owganystan meselesi hakyndaky garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdiler. Kollektiw howpsuzlyk guramasy bilen ŞHG-nyň Duşenbede bilelikde maslahat geçirip, ýokary derejeli hyzmatdaşlyk üçin möhüm başlangyç edendiklerini nygtap geçmek ýerlik bolar.



Degişli Habarlar