Ene Süýdüni Tebigy Ýollardan Artdyrmak

Saglygym baýlygym

1710450
Ene Süýdüni Tebigy Ýollardan Artdyrmak

 

 

Gepleşigimiziň bu sanynda ene süýdüni tebigy ýollardan artdyrmak boýunça käbir maslahatlaryň üstünde durup geçmek isleýäris. Emdirme döwri eneler üçin iňňän ynjyk we dartgynly geçýär. Şol möhletde sarp edýän azyklary süýdüň mukdaryny artdyrýar.

Galaktagog; süýt artdyryjy diýmekligi aňladýar. Süýdüň mukdaryny artdyryjylar ýagny galaktagoglar ene süýdüni we onuň mukdarynyň artmagyny üpjün edýan ösümliklere, azyklara we dermanlara berilýän umumy kesgitlemedir. Bu maddalaryň bir bölegi süýt işläp çykarýan gormony (prolakltin) artdyryp, täsir görkezýän hem bolsa, käbirleriniň funksional mehanizmi doly bilinmeýär. Aslyna seredilende irki döwürlerden bäri ýerli we milli ençeme azyklar şol maksat üçin peýdalanylypdyr.

Biziň döwrümizde-de ene süýdüniň artdyrylmagy üçin eneler şol azyklardan peýdalanýarlar. Emma adaty şertlerde bäbegini emdirýän eneleriň onsuz hem ýeterlik mukdarda süýdi bolýar we süýdüň mukdaryny artdyrmaga hajat galmaýar. Süýdüň mukdarynyň artdyrylmagy şertlere we islege bagly bolmagynda galýar.

Süýdüň mukdaryny artdyryjylar;

  1. Ähli goldawa garamazdan süýdüniň mukdary artmaýan eneler,
  2. Prtematur we birden köp bäbegi bolan eneler,
  3. Kesilen ene süýdüniň yzyna getirmegini isleýän eneler tarapyndan peýdalanylýar.

 

Süýt artdyryjylardan peýdalanmaga başlamazdan ozal hökmany suratda birlermenden ýa-da lukmandan maslahat alynmaly. Sebäbi süýt artdyryjylaryň hiç haýsysy ýekelikde netije bermeýär.

Ene süýdüni tebigy şertlerde artdyrmak üçin şular maslahat berilýär;

  1. Ak ter üzüm: Günde iki porsiýa ter ak üzüm iýmek ene süýdüni ardyrýar.
  2. Şibit, ýagny ukrop: İr säher we agşam naharlaryndan öň sarp ediljek şibit enäniň süýdüniň artmagyny üpjün eder.
  3. Injir (ter we kakadylan): Ene süýdüni artdyrmak üçin gaýnadylan kak injiriň suwy peýdalydyr. 8-9 sany kak injiri ýarym litr hlorsyz suwda 10 minuda çenli gaýnadyň. İkä bölünen suw irden we agşam, günde iki gezek içilmeli.
  4. Injir-käşir: Ýarym litr gaýnan hlorsyz suwa 8-9 sany kak injiri ikä bölüm salyň. Gapagyny gaparyp bäş minut gaýnadyň. Bäşinji minutda bir käşiri dilikläp salyň we gapagyny gaparyp, pesejik otda 3 minut gaýnadyň. Süzülen suw 21 günüň dowamynda günde iki gezek aç ýa-da dok garna bir käse içilmeli.
  5. Ter, ak tudana iýmek peýdalydyr.
  6. Kakadylan ak tudanany gaýnadyp iýmek peýdaly.
  7. Tudana toşaby: Tudana toşap adaty usullar bilen sap görnüşde taýarlanmaly. Tebigy we sap bolmaly.

 

Bejergilerden peýdalanmazdan ozal şu hususlara üns berilmeli:

  1. Hamyla zenanlar we bäbeklerini emdirýän eneler parniklerde ösdürilip-ýetişdirilýän gormonly we gibrit tohumly gök önümleri sarp etmeli däl.
  2. Şol bir wagtda birden köp şypadan peýdalanmaly däl. Injir-käşir bejergisinden daşgary ählisiniň möhleti 1 hepde bilen çäklendirilýär.

 

Maslahat berilen bejergilerden daşgary:

  • Anis
  • Hurma,
  • Seldereý
  • Ter seldereý ýapragy
  • Bal kädi
  • Ýer tudanasy
  • Sumah
  • Rezene çaýy
  • Tüwi
  • Künji
  • Hoz, badam, funduk
  • Toşap
  • Gyzylbalyk
  • Galla önümleri
  • Ýumurtga
  • Ýeterlik mukdar suw
  • Gök ýaprakly önümler hem maslahat berilýär.

 

Şu önümleriň peýdasy we howpsuzlygy hakynda ýeterlik mukdarda barlaglar bolmasa hem, eneler tarapyndan giňden peýdalanylmagy maslahat berilýär. Tebigy önümler hökmany suratda lukman bilen maslahatlaşandan soň ulanylmaly.


Etiketkalar: #çaga , #lukman , #ene , #süýt

Degişli Habarlar