Atatürk hakynda ýazylan iň çeper biogarfiýalardan biriniň Kinross tarapyndan ýazylandygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1707347
Atatürk hakynda ýazylan iň çeper biogarfiýalardan biriniň Kinross tarapyndan ýazylandygyny bilýäňizmi?

M.K.Atatürk hakynda ýazylan iň çeper biogarfiýalardan biriniň Lord Kinross tarapyndan ýazylandygyny bilýäňizmi?

Iňlis ýazyjysy Lord Kinrossa 1952-nji ýylda iňlis hökümeti tarapyndan Atatürk hakynda biografiýa ýazmak üçin görkezme berilýär. Lord Kinross şol görkezmä laýyklykda bäş ýylyň dowamynda şahsy interwýular alyp, Prezidentiň Diwanynyň arhiwinde işleýär. Ähli taýarlyklaryň netijesinde “Atatürk: Bir milletiň täzeden dogluşy” atly kitap ýazýar.

1960-njy ýylda çap edilen kitap, Atatürk hakynda ýazylan iň çeper biografiýalardan biri. Eser döwrebap Türkiýäni esaslandyran we taryhyň akymyny özgerden öňbaşçy M.K.Atatürki we onuň döwründe başdan geçirilen wakalary obýektiw görnüşde beýan edýär. Lord Kinross kitabynda şeýle diýýär: “Atatürkiň döwrümiziň  beýik adamlaryndan biridigi bilen bagly kiçijik şübhämem ýok.”

Kitap çap edilenden soň daşary ýurt metbugaty oňa uly gyzyklanma görkezýär. Lord Kinrossyň “Atatürk” atly kitaby “şan-şöhradyň adam gylygyna öwrülen unudylmaz ýadygärligi” hökmünde häsýetlendirilýär.


Etiketkalar: #kitap , #Atatürk , #biogarfiýa

Degişli Habarlar