Owganystandaky Ýagdaýyň Orta Aziýa Döwletlerine Täsirleri

Ýewraziýa Syn

1694733
Owganystandaky Ýagdaýyň Orta Aziýa Döwletlerine Täsirleri

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Owganystandaky özgerlişigiň Orta Aziýa döwletlerine täsirleri hakynda durup geçmek isleýäris.

ABŞ-nyň Owganystandaky harby güýçlerini yzyna çekjekdigini beýan etmeginden soň Taliban birnäçe aýyň dowamynda ýurdy tas dolulygyna öz gözegçiligine aldy. 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Taliban paýtagty Kabuly aldy.

Talibanyň gysga möhletde ýurdy almagyndan soň köp sanly ýurt Owganystandaky ilçihanasyny we esasanda başkonsullyklaryny ýapdylar. Orta Aziýa döwletleri hem Owganystandaky wekilhanalaryny ýapýarlar. Mysaş üçin Täjigistanda Mazary Şerifdäki, Badahşandaky we Faýzabaddaky Başkonsullyklaryny wagtlaýynça Özbegistana göçürdi. Taliban ozalky berk düzgün-nyzamy iş ýüzüne geçirmäge başlan halatynda Owganystandaky diplomatik wekilhanasyny ýapýan ýurtlaryň sany hasam artar.

Owganystandan Täjigistana we Özbegistana baran bosgunlar yzyna ugradylýardylar. Maazary Şerifiň Talibanyň gözegçiligine geçmeginden soň Orta Aziýa döwletlerine bosgun akymy başlady. Taliban marşal Abdulraşid Dostumyň öýüni aldy. Dostumyň tarapdarlary bilen birlikde demirgazyga çekilendigi beýan edilýär. Täjigistan Owganystandan 100 müň bosgun kabul etmäge taýardygyny beýan eden hem bolsa, sebit ýurtlary owgan bosgunlaryny uzak möhletli kabul etmegä taýar däl.

Türkmenistanyň başda durmagynda sebitde ýerleşýän ýurtlar resmi Kabul bilen we Taliban bilen aragatnaşyk saklaýar. Orta aziýaly ýolbaşçylar serhetde gözegçiligi ele geçiren Talibanyň özlerine hüjüm etmejekdigine söz berendigini beýan edýärler.

Owganystanyň demirgazy taryh boýy Günorta Türkistan atlandyryldy we Beýik Türkistanyň bir bölegini emele getirýär. Türkistanyň Günorta Aziýa bilen bolan gatnaşygy Owganystan arkaly amala aşyryldy. Şeýlelikde Orta Aziýa döwletleriniň galkynyşynda Owganystanyň durnuklylygy möhüm ähmiýete eýe. TOPH, KASA-1000, Termez-Mazary Şerif-Kabul-Peşawer Demir Ýoly ýaly uly möçberli halkara taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmegi hem Owganystanyň durnuklylygyna bagly.

Owganystanda içerki urşuň turma ähtimallygy Orta Aziýa döwletleriniň howpsuzlygyna gönüden täsir ýetirer. Soňky 30 ýylda Täjigistandaky içerki uruşda we Gyrgyzystanyň Batken welaýatyna terrorçylaryň hüjüm guramagynda-da howp Owganystandan abanypdy. İndi şol ssenarileriň gaýtalanma ähtimallygy bar. Orta aziýaly terrorçylaryň esasy bölegi böleginiň Owganystandadygy indi syr däl. Siriýa we Yrak ýaly ýurtlarda söweşen orta aziýaly terrorçylar hem Owganystana geldiler. Ora Aziýa döwletlerinde terrorçylaryň ýa-da radikalizme meýilli adamlaryň gizlin öýjük görnüşinde pursada garaşýandyklaryny aýtmak ýalňyş bolmasa gerek. şol sebäpli Orta Aziýa döwletleriniň iňňän ünsli çemeleşmegi, meçew bermelere ýol bermezligi we howpsuzlyk çarelerini görmekleri möhüm.

Orta Aziýa döwletlerini we Owganystany gyzyklandyrýan beýleki bir mesele bolsa halkara bikanun neşe söwdasy. Şol söwda gatnawynda hökmürowanlyk işleği dürli toparlaryň arasynda çaknyşyklara sebäp bolup biler.

Türki dilli döwletleri bilim, ykdysadyýet, medeniýet ugurlarynda Owganystan bilen gowy gatnaşyk edýärler. Owganystanda durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin Orta Aziýa döwletleri şol tagallalaryny hasam güýçlendirmeli.



Degişli Habarlar