Dünýäniň ilkinji paromy

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1656682
Dünýäniň ilkinji paromy

Dünýäniň ilkinji paromunyň Osman döwleti zamanasynda türkler tarapyndan gurlandygyny bilýäňizmi?

1800-nji ýyllarda Bosfor bogazynyň iki ýakasyndan gatnaw ýönekeýje gaýyklar bilen edilýärdi. 1840-njy ýyllarda kiçi paromlar bogazda gatnamaga başlaýar. 1850-nji ýylda bolsa “Şirketi Haýriýýe” firmasy döredilip, has uly paromlar bilen Stambulyň halkyna deňiz gatnawy hyzmaty hödürlenmäge başlanýar. Firmanyň ýolbaşçylaryndan Hüseýin Haki Efendi, täzelige açyk adamdy we bogazda esasanda ulaglaryň gatnadylmagyny ýeňilleşdirjek çözgdüň üstünde uzak ýyllar pikirlendi. Firmanyň binagäri bilen bilelikde bir ýylyň dowamynda işläp, hem öňe hem-de yza ýöreýän, palubasy tekiz, üstünde ýolagçy gatnatmaga amatly giňişlikleri bolan, iki tarapyndan gapaklary bolan parom dizaýn etdiler. Şol dizaýny Britaniýadaky gämi gurluşyk werfine ugradýarlar. İňlisler bolsa şol dizaýna haýran galýarlar.

Gurluşygy 2 ýyla golaý dowam eden, 1871-nji ýylda gurlup gutarylan ulagly paroma ýeňillik manysyny aňladýan “Suhulet” ady dakylýar. Ilkinji saparyny 1872-nji ýylda Üsküdar Kabataş aralygynda amala aşyran Suhulet Bosfor bogazynyň iki kenarynyn arasynda 89 ýyl gatnaýar.


Etiketkalar: #ilkinji , #gämi gatnawy , #parom

Degişli Habarlar