Belarus bilen Günbataryň Arasyndaky Dartgynlyk

Ýewraziýa Syn

1652315
Belarus bilen Günbataryň Arasyndaky Dartgynlyk

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Belarus bilen günbataryň arasynda ýüze çykan täze dartgynlyk hakynda durup geçmek isleýäris.

 

2021-nji ýylyň 23-nji maýynda İrlandiýanyň Afyny-Wilnýus saparyny amala aşyrýan uçary Belarusyň howa giňişliginden geçýärkä uçarda bombanyň bardygy hakynda berilen habar sebäpli harby uçaryň ýoldaşlyk etmeginde Minsk şäherine mejbury taýdan gondurylýar. Uçar barlandy, emma habar esassyz bolup çykdy. Emma uçardaky “NEXTA” atly oppozision telegram ýaýlymynyň baş redaktory, Belarus tarapyndan radikallar sanawyna goşulan Roman Prostasewiç hem-de ýanyndaky ýoldaşy Sofiýa Saperu tussag edilýär. Roman Prostasewiçiň 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmegi gün tertibinde.

Belarusyň hökümeti mesele boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda Miniskiň halkara howa menziliniň elektron poçtasyna Hamas tarapyndan uçara bomba goýulandygy hakynda mailiň gelip gowşandygyny beýan edipdi. Hamas mesele bilen hiç hili arabaglanşyklarynyň ýokdugyny mälim etdi. Günbataryň resmileri bolsa Belarusyň uçary mejbury gondurmagyny “kabul edilmesiz” diýip häsýetlendirdiler.

Wakadan soň ÝB Belarusa goşmaça sanksiýalaryň goýulmagy, Protasewiçiň boşadylmagyny we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň meseläni derňemegini isledi. Halkara raýat awiasiýasy guramasy bolsa derňew işini başlatdy. Ýewropa ýurtlary howa giňişliklerini Belarusyň uçarlaryna ýapdylar. İki taraply häsýetde uçuşlar bes edildi. Mesele ilki Russiýa bilen günbatar ýurtlaryň arasyndaky howa gatnawyna hem ýaramaz täsir ýetirdi. Emma bu mesele uçarlaryň täze ugurlara gönükdirilmegi boýunça ylalaşyk gazanylmagyndan soň çözüldi.

Wakanyň dowamynda Belarusyň Daşary işler ministrligi Litwanyň Minskdäki İlçihanasynyň işgärleriniň ýurtdan gitmeklerini isleýär. 1 diplomatdan daşgary İlçihananyň işgärleri Belarusdan çykdylar. Belarus we Litwa iki diplomaty “islenmeýän adam” diýip yglan etdiler.

28-nji maýda Belarusyň Preizdenti Aleksandr Lukaşenko Soçide Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen uçar meseleleri we özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşdy. Mediada Russiýanyň şu aýyň dowamynda Belarusa 500 million dollar karz berjekdigi hakynda habarlar çykdy. Şol gün ÝB “Demokratik Belarus üçin ykdysady maksatnama” ady bilen Belarusa 3 milliard ýewro goldaw bermegi meýilleşdirýändigini Swetlana Tihonowskaýa hat üsti bilen habar berdi. Uçar meselesi bilen bagly ÝB-niň maslahatyna gatnaşan oppozisioner Tihonowskaýa, Belarusyň hökümetine goşmaça sanksiýalaryň goýulmagyny isledi.

Uçar meselesinden soň günbatar üçin Belarus meselesi adam hukuklary derejesinden sebitleýin howpsuzlyk meselesine öwrüldi. Günbatar, Belarusa goşmaça sanksiýalar goýar. Belarus ýurtdaky ykdysady şertleri kadalaşdyrmak üçin Russiýadan karz almaga mejbur bolar. Russiýa bilen Belarusyň arasynda täze harby şertnamalaryň baglaşylmagy we Belarusa täze rus harby enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ähtimallygy ýokary.

Ukrainanyň hökümeti uçar meselesinden soň Minskin Donbass meselesiniň çözülmeginde bitaraplygyny ýitirendigini beýan etdi. Belarusyň Krymyň anneksirlenmegini ykrar etmeýän ýurtlardan biridigini nygtamak ýerlikli bolsa gerek. Gündogar Ýewropadaky bloklaşmanyň halkara arenasynda haýsy wakalara sebäp boljakdygy bolsa näbelli bolmagynda galýar.



Degişli Habarlar