Ýewraziýa Ykdysdy Bileleşiginin Ýokary geňeşiniň maslahaty

Ýewraziýa Syn

1648115
Ýewraziýa Ykdysdy Bileleşiginin Ýokary geňeşiniň maslahaty

Üstümizdäki aýyň 21-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Ýokary geňeşiniň onlaýn maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistanyň we Kubanyň döwlet ýolbaşçylary, Bileleşigiň hormatly Başlygy bilen Bileleşigiň baş Sekretary gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly Özbegistan we Kuba bileleşige synçy agza hökmünde gatnaşýarlar.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew maslahatda sözlän sözünde Özbegistan-Gazagystan serhedinde gurulýan Halkara Orta Aziýa Logistika Merkezine meňzeş merkezleriň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň sebitinde ýaýbaňlandyrylmagyny teklip etdi.

Maslahatda çykyş eden Bileleşigiň hormatly başlygy Nusroltan Nazarbaýew bolsa, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň utgaşykly işleşmegini islemeýän güýçleriň bardygyny beýan eden hem bolsa, onuň haýsy güýçlerdigini mälim etmedi. Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bolsa çykyşynda Bileleşigiň öňündäki esasy bökdençligiň günbatardygyny beýan etdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin maslahatda sözlän sözünde Sputnik W sanjymynyň gelejekde Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza ýurtlaryň ählisinde öndürmegiň mümkin boljakdygyny, Russiýanyň hyzmatdaşlaryna sanjym önümçilik tehnologiýasyny beren ilkinji ýurt derejesine eýedigini aýtdy.

Liderler maslahatda özara söwda gatnaşyklarynda Amerikan dollarynyň ulanylyşynyň azaldylmagyny goldaýan beýannamaler berdiler. Russiýanyň we Hytaýyň başladan tapgyrynyň sebitde dowam etjekdigini aýtmak ýalňyş bolmasa gerek.

Azyk howpsuzlygy we azyk nyrhlary sammitde gün tertibine getirilen ugurlardan biri boldy. Şonuň bilen bilelikde ýokarlaýan nyrhlaryň arzanladylmagy üçin maslahatda anyk teklip hödürlenmedi.

Maslahatyň ahyrynda gümrük, oba hojalygy, farmoseftika ýaly ugurlar bilen birlikde 14 şertnama gol çekişildi.

 

Geçen ýylyň maýynda geçirilen maslahatda Bileleşigiň işlerine birnäçe tankydy bellikler aýdylypdy. Bu maslahatda beýle tankytlar bolmady. Russiýanyň Kowid-19 sanjymyny Bileleşige agza ýurtlara bermegi, pandemiýanyň gözegçilik astyna alynmagy, ykdysady şertleriň kadalaşmaga başlamagy Bileleşigiň işleri bilen bagly tankytlaryň azalmagyna sebäp bolandyr diýsek ýalňyşmarys.

Ýewaziýa Ykdysady Bileleşigine synçy agza bolan Moldowa soňky maslahata gatnaşmady. Maia Sandunň Prezidentlige saýlanmagyndan soň Moldowada günbatar bilen integrirlenmek üçin käbir başlangyçlar edilýär. Üstümizdäki aýyň 17-de Moldowanyň Daşary işler ministri gruzin we ukrain kärdeşleri bilen Ýewropa utgaşyklygy güýçlendirmek üçin Birleşen Üçlük ylalaşygyna gol çekdi. Şeýlelikde Moldowanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýa-da Russiýanyň ýerine günbatar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmegi mümkin bolsa gerek.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi häzirki wagta çenli Wiýetnam, Serbiýa, Eýran we Singapur bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. Şeýle hem Ysraýyl, Müsür, Hindistan, Indoneziýa we Mongoliýa bilen gepleşikler dowam edýär. geljekki ýyllarda adybir döwletlerin käbirleri bilen hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşylyp bilner. Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi onsuz hem Hytaý bilen ýakyn hyzmatdaşlygy nazarda tutýar. Halkara arenasynda bloklaşma ýaýbaňlanan halatynda Bileleşigiň pozisiýasyny hasam güýçlener.



Degişli Habarlar