“19-njy Maý”

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1647975
“19-njy Maý”

 

Atatürkiň 1919-njy ýylda Anadolydaky milli göreşi başlatmak üçin Samsuna gelen güni bolan 19-njy maýa “Doglan günüm” diýendigini bilýäňizmi?

Türk milli garaşsyzlyk söweşiniň başlan güni hökmünde kabul edilýän 1919-njy ýylyň 19-njy maýy, Türkiýe Respublikasyna uzap giden ýoluň ilkinji ädimidir. Watanyny we milletini janyny eý gören M.K.Atatürk milletiniň täzeden dogluşynyň simwoly bolan şol möhüm senäni özi üçin hem doglan güni diýip kabul edýär.

1936-njy ýylda Britaniýanyň şasynyň islegine laýyklykda iňlis ilçisi resmi hatynda Prezident Atatürkin doglan gününi öwrenmegi haýyş edýär. Emma Atatürk doglanda, doglan güni bellik edilmeýär. Şol sebäpden Atatürk türk milletiniň täzeden dogluşy hökmünde saýylýan 19-njy maýy “doglan güni” hökmünde saýlap alýar. Britaniýanyň şasy şol ýyl 19-njy maýda Atatürke “doglan güni” mynasybetli gutlag ýüzlenmesini ugradýar.

1928-nji ýylda Stambulda ilkinji gezek geçirilen “Gimnastika şüweleňi” 1936-njy ýylda 19-njy maýa gabatlanýar we “ýaşlar baýramy” häsýetine eýe bolýar. 1938-nji ýylda milli baýramçylyk hökmümnde yglan edilen we her ýyl bellenilip geçilmäge başlanan 19-njy maý 1981-nji ýyldan başlap “Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy” hökmünde atlandyrylýar.



Degişli Habarlar