Merkezi Aziýa-Hytaý Gatnaşyklary

Ýewraziýa Syn

1643866
Merkezi Aziýa-Hytaý Gatnaşyklary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Merkezi Aziýa-Hytaý gatnaşyklary hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Hytaýyň Sian şäherinde Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 2-nji maslahaty geçirildi. Maslahata Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Maslahatda özara gatnaşyklar, Bir Ýol, Bir Guşak Taslamasy, koronawirus pandemiýasyna garşy göreş, Owganystandaky şertler, sebitleýin howpsuzlyk meselelerine garaldy. Maslahatda Hytaý-Merkezi Aziýa ýurtlary gatnaşyklarynda ileri tutuljak 12 ugur kesgitlendi. Maslahatyň çäginde ikiçäk duşuşyklar hem geçirildi.

Daşary işler ministrleri maslahatda Kovid-19-a garşy bilelikde göreşmek, halk tebipçiligi merkezleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaýbaňlandyrylmagy, internet arkaly saglyk hyzmatlarynyň berilişiniň ösdürilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hakynda karar kabul etdiler. Hytaý bilen Özbegistanyň bilelikde sanjym öndürýandigini hem nygtap geçmek ýerlikli bolsa gerek.

Maslahatda resmi Pekin Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulaglar pudagynda “ýaşyl koridor” döretmegi teklip etdi. Gümrük we salgyt bökdençlikleriniň ýeňilip geçilmegi taýdan Hytaýyň teklibiň möhüm ähmiýete eýe. Pandemiýada Hytaýyň harytlarynyň günbatara ýetirilmeginde Merkezi Aziýadan geçýän demir ýoly möhüm pozisiýa eýeledi. Hytaý-Merkezi Aziýa demir ýolundan gatnadylan ýük 2020-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 56 göterim artyp, 517 mün konteýnerden geçdi. Hytaý, Gazagystanyň üstaşyr edýän demir ýoly gatnawyny diwersifikasiýalaşdyrmak, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň üstaşyr täze bir demir ýoluny gurmak isleýär.

Maslahatyň ahyrynda Owganystan, Sebitleýin hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we Pandemiýa garşy bilelikde göreş boýunça bilelikde jarnama çap edildi. Aýratynam Merkezi Aziýa-Hytaý Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň formatynyň döredilmegi hakyndaky ylalaşyga gol çekişildi.

 

 Türkistan döwletleri “Merkezi Aziýa-Hytaý Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna” meňzeş formatda Ýaponiýa, Günorta Koreýa, ÝB, ABŞ, Hindistan we Russiýa bilen maslahatlar geçirýär. Türkistan döwletleriniň bilelikde hereket etmegi, birek-birek bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi we sebitleýin bähbitler boýunça öz paýlaryny almaklary taýdan şol format netijelidir.

Hytaý, Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklarynda beýleki bäsdeşlerden bir ädim öňde bolmak üçin anyk başlangyçlar edýär. Mysal üçin Siandaky maslahatda mundan soň geçriljek maslahatlarda kabul edilen kararlaryň iş ýüzüne geçirilmeginden jogapkär daşary işler ministrleriniň orunbasarlaryndan ybarat boljak toparyň döredilmegi we Daşary işler ministrliklerinde Hytaý-Merkezi Aziýa maslahatlaryndan jogapkär býuronyn döredilmegi hakynda karar kabul edildi. Alymlardan we bilermenlerden ybarat toparlaryň döredilmegi hem-de olar bilen yzgiderli aragatnaşyk saklanmagy boýunça ylalaşyldy. Gysgaça aýdylanda taraplar Merkezi Aziýa-Hytaý Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyndan ýokary derejede peýdalanmak isleýärler.

Bar bolan görkezijilere görä sebit ýurtlarynyň esasy söwda hyzmatdaşy, esasy maliýe goldawçysy Hytaý. Hytaýyň sebitdäki pozsiýasyny ykdysadyýet bilen çäklendirmek ýalňyş bolsa gerek. Täjigistanda harby baza açan Hytaý, ABŞ-nyň Owganystandan çekilmeginden soň sebitdäki harby pozisiýasyny güýçlendirmek islär. Konfusiý Institutlary bilen sebitdäki ýumşak güýjüni berkiden Hytaý, uzak möhletde ähli ugurda Merkezi Aziýanyň esasy hyzmatdaşy bolmak isleýär.

 



Degişli Habarlar