Agry Dagy

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1643714
Agry Dagy

Türkiýäniň iň belent dagy bolan Agry dagynyň dini rowaýatyň mirasyny özünde jemleýändigini bilýäňizmi?

5137 metr belentligi bilen Türkiýäniň iň uly dagy bolan Agry, uly tupandan son Nuhuň gämisine ýer eýeçiligini etmegi sebäpli legendar özboluşlyga hem eýe. Mukaddes kitaplarda-da ady agzalýan Agry dagynyň dürli dillerde dürli atlary bar. Asur dilinde “dagly sebit, belent diýar” manylaryny aňladýan we “asly “Uruatri” bolan “Urartu” sözi, ibrani dilindäki Kitaby Mukaddesde ýalňyş aýdylmagy sebäpli “Ararat” görnüşinde beýan edilipdir. Agry dagy häzirki döwürde ençeme dilde asurçadan gelip çykan şol at bilen tanalýar.

Nuhuň gämisiniň Agry dagynda ýerleşýändigi hakyndaky düşünje, ençeme adamy şol daga çykmaga gönükdirdi. Marko Polonyň hiç haçan çykyp bolmaz diýen dyrmanyşy belliklere görä 1829-njy ýylda Professor Fridrik Won Parat tarapyndan amala aşyrylýar. Ilkinji gyşky dyrmanyş bolsa has giçki döwürde, 1970-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkiýäniň Alpinizm federasiýasynyň ozalky başlygy Bozkurt Ergör tarapyndan amala aşyrylýar. Agry dagy her ýyl dünýäniň çar tarapyndan müňlerçe alpinisti kabul edýär.


Etiketkalar: #Agry dagy , #dag , #belent

Degişli Habarlar