Russiýa-Ýewropa Gatnaşyklary

Ýewraziýa Syn

1632105
Russiýa-Ýewropa Gatnaşyklary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Russiýanyň günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklarynda ýetilen soňky sepgit hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň 21-nji aprlinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Federal Mejlisde eden çykyşynda “Russiýa duşmançylykly çemeleşýänlere” duýduryş berip, “Köprüleri ýakmak islemeýäris, ähli ýurtlar bilen kadaly gatnaşyk etmek isleýäris. Emma eger-de kimdir biri biziň ýagşy niýetimizi ejizlik hökmünde kabul edäýse, şuny bilip goýsun; Russiýanyň jogaby simmetriki, gyssagly we agyr bolar” diýdi. Putin ýüzlenmesinde esasan günbatar ýurtlaryny göz öňünde tutýardy.

Soňky günlerde günbatar bilen Russiýanyň arasynda iki taraply häsýetde diplomatik ýurtdan çykarma çäreleriniň depgini ýokarlady. Geliň ilki şol wakalar ser salalyň.

Üstümizdäki aýyň 15-de Russiýa sanksiýa goýan ABŞ, 10 rus diplomatyny islenmeýän adam diýip yglan etdi. 21-nji aprelde Russiýa bolsa 10 Amerikan diplomatnyň 1 aýyň dowamynda ýurtdan çykmagyny isledi. 22-nji aprelde bolsa ABŞ-nyň Russiýadaky Ilçisi Jon Sýulliwan geňeşmeler üçin Waşingtona çagyryldy.

Şol gün Polşa 3 rus diplomatyny islenmeýän adam yglan etdi. 16-njy aprelde Russiýa oňa jogap hökmünde 5 polýak diplomatyny ýurtdan çykarjakdygyny beýan etdi.

17-nji aprelde Çehiýanyň Premýer ministri Anreý Babiş resmi Praganyň rus howpsuzlyk gulluklarynyň 2014-nji ýylda ok-däri ammarlaryndan birinde bolan partlama bilen arabaglanşyly bolmagyna şübhe bildirýändiklerini, 18 rus diplomatynyň islenmeýän adam yglan edilendigini aýtdy. Russiýa bolsa oňa garşylyk hökmünde 20 çeh diplomatyny ýurtdan çykardy.

Şol gün Ukraina bilen Russiýa iki taraply häsýetde bir diplomatyň ýurtdan çykmagyny islediler.

20-nji aprelde Russiýa iki bolgar diplomatyny ýurtdan çykarjakdygyny beýan etdi. Mart aýynda Bolgariýa 2 rus diplomatyny ýurtdan çykarypdy.

22-nji aprelde Slowakiýanyň Premýer-ministri Aduard Heger 3 rus diplomatynyň Çehiýadaky şertleri sebäpli bir hepdäniň dowamynda ýurtdan çykmalydygyny mälim etdi.

23-nji aprelde bolsa Çehiýa bilen arkalaşýandyklaryny beýan edip, Baltika ýurtlaryndan Litwa 2, Estoniýa we Latwiýa bir sany rus diplomatyny ýurtdan çykarmak hakynda karar kabul etdiler.

Russiýa hem şol ýurtlara şol görnüşde garşylyk görkezdi.

Howpsyzlyk sebäpli Russiýanyň günbatar serhedine goşun getiren, taraplaryň birek-biregi içalylyk etmekde günäkärleýän günlerinde ýüze çykan diplomatlary ýurtdan çykarma aksiýalarynyň dowam etme ähtimallygy bar. Häzirlikçe Ýewropa bilen Russiýanyň arasynda başdan geçirilýän wakalar günbatar Ýewropa ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda hem ýüze çykyp biler. Aýratynam güýz aýlarynda geçiriljek Dumanyň saýlawyna çenli günbatar tarapyndan goldaýan rus oppozisionerleri 21-nji apreldäki ýaly protest aksiýalaryny dowam etdirerler. Şol protestler sebäpli oppozisionerlere goldaw berýän Russiýadaky diplomatlaryň ýurtdan çykarylmagy, ona günbatar ýurtlarynyň garşylyk görkezmegi mümkin bolup biler. Onsuz hem Russiýa bilen günbataryň arasynda howpsuzlyk göreşi çarpaýa galdy. Russiýa NATO-nyň özüni gabaw astyna alandygyny pikir edýän bolsa, günbatar Russiýanyň imperialist syýasat alyp barýandygyny öňe sürýär. Bu çekeleşik sebitde ýerleşýän ýurtlara ýaramaz täsir ýetirse gerek…



Degişli Habarlar