Türki Dilli Döwletleriň Media we Maglumatlar Boýunça Hyzmatdaşlygy

Ýewraziýa Syn

1627654
Türki Dilli Döwletleriň Media we Maglumatlar Boýunça Hyzmatdaşlygy

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türk geňeşiniň Media we maglumatlardan jogapkär minisrtrleriň we ýokary derejeli ýolbaşçylaryň 3-nji maslahaty hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde Bakuwda Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezidentiň Diwanynyň Daşary syýasat boýunça müdiriýetiniň başlygy Hikmet Hajyýewiň ýer eýeçiliginde Türk geňeşiniň Mediadan we maglumatlardan jogapkär Ministrleriniň hem-de ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň 3-nji maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Wengriýanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş eden Türk geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew media we maglumatlar boýunça hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini nygtady. Soň bolsa Gazagystanyň Maglumatlar we sosial galkynyş ministriniň orunbasary Askat Oralow, Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumatlar, sport we ýaşlar ministri Kaýrat Imanaliýew, Wengriýanyň Howpsyzlyk syýastlary boýunça döwlet Ministri Piter Sztaraý, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Maglumatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gullugynyň Başlygy Asodjon Hojaýew we Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettinn Altun çykyş edip, media pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini beýan etdiler.

Taraplar maslahatyň ahyrynda “2021-2022-nji ýylyň Iş maksatnamasyny” tassykladylar we şol maksatnamanyň iş ýüzüne geçirilişini utgaşdyrmak hem-de oňa gözegçilik etmek üçin agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekillerinden ybarat Türk geňeşinin Media utgaşdyryş komitetiniň döredilmegi hakynda karar kabul etdiler. Aýratynam Dosýe paýlaşyş tesfirnamasynyň (FTP) bazasynyň potensialynyň ýokarlandyrylmagy, agza döwletleriň taryhy we medeniýeti hakynda dürli wideomateriallaryň bilelikde taýarlanmagynyň ýaýbaňlandyrylmagy hem-de media bilermenleri üçin okuw-seminarlary hem-de tejribe alyşmalaryň ýola goýulmagy boýunça ylalaşdylar. Taraplar maslahatda Halkara türk habar kanalynyň açylmagy, resmi habarlar gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi we agza döwletleriň milli teleýaýlymlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtadylar. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary aýratynam Türk geňeşiniň döwürleýin ýolbaşçylygynyň Türkiýä geçmegi sebäpli 2021-nji ýylda Türkiýede Halkara media forumynyň geçirilmegi boýunça ylalaşdylar.

 

Türk geňeşine agza ýurtlaryň media we maglumatlar ugurlarynda hyzmatdaşlygynyň ösmegi begendiriji waka. Maslahatda Türk geňeşiniň Media utgaşdyryş komitetiniň döredilmegi iňňän ýerlikli başlangyç bolup durýar.

Merhum Çingiz Aýtmatow türk dünýäsini dünýä tanatjak teleýaýlymyň açylmalydygyny beýan edipdi. Bakuwda maslahatda kabul edilen Halkara türk habar ýaýlymynyň açylmagy meşhur ýazyjynyň wesýetiniň berjaý edilýändigini aňladýar. Türk geňeşine agza ýurtlaryň teleýaýlymlary Türkiýäniň TÜRKSAT hemrasynyň üsti bilen ýaýlym berýärler.

Türki dilli döwletleriň garaşsyzlyklaryna 30 ýyl dolýan hem bolsa, dürli sebäplerden türk dünýäsi birek-biregi ýeterlik derejede tanamady. Maslahatda kabul edilen media wekilleriniň arasynda maglumat, tejribe alyşmak, meteriallaryň alyşylmagynyň ýaýbaňlandyrylmagy, media forumynyň geçirilmegi hakyndaky kararlar şol jähtden iňňän möhüm. Türk halklary media arkaly birek-biregi has ýakyndan tanadygy saýyn türki dilli döwletleriň aasyndaky hyzmatdaşlyk hem öser.



Degişli Habarlar