Sportda Gazanylan Üstünlikler

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1618505
Sportda Gazanylan Üstünlikler

Türkiýäniň 2020-nji ýylda Balkan ýurtlarynda iň köp medala eýe bolan döwletdigini bilýäňizmi?

Alletizmde ýaş toparyndaky Balkan çempionatynda türk türgenleri 123 medal bilen Balkan ýurtlarynyň iň köp medala eýe bolan ýurdy boldy. 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli çäkli sanda bäsleşik geçirilendigine garamazdan Türkiýäniň 43 rekordy täzelendi. Ulular kategoriýasynda 7 ugur boýunça Türkiýe rekordy goýuldy.

Türkiýäniň 400 metr aralykda iň başarjaň türgenlerinden Berke Akçam öz ugry boýunça dünýäniň iň gowy derejesine eýe bolan bolsa, Ýasemin Jan bolsa “Ýarym marafon boýunça bütindünýä çempionadynda” Türkiýe ilkinji dünýä 7-njiligine eýe boldy.

Türkiýäniň 2020-nji ýylda üstünlik gazanan beýleki bir ugry bolsa woleýbol boldy. Türk milli ýygyndy zenanlar komandasy 2021-nji ýyldaky Tokio olimpiýada oýunlarynyň Ýewropa bäsleşiklerinin finalynda Germaniýany utup, ilkinji gezek olimpiada gatnaşmaga hukuk gazandy.


Etiketkalar: #üstünlik , #medal , #sport

Degişli Habarlar