Türki Dilli Ýurtlaryň Türkiýe Bilen Howa Gatnawy Ösýär

Ýewraziýa Syn

1614146
Türki Dilli Ýurtlaryň Türkiýe Bilen Howa Gatnawy Ösýär

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýäniň Orta Aziýa ýurtlary bilen howa aragatnaşygy we pudaga goýulan maýa goýumlary hakynda durup geçmekçi.

2021-nji ýylyň 21-nji martynda Gazagystanyň Türkistan şäherindäki Halkara Hezret Soltan howa menzilinden “FlýArýstan” howa ýollary Stambula ilkinji saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Halkara Hezret Soltan howa menzilinden daşary ýurda guralan ilkinji sapar boldy. “FlýArýstan” howa ýollary Türkistandan Stambula hepdede iki sapar guraýar. Wagtyň geçmegi bilen gatnawyň hepdede ýedi sapara ýetirilmegi maksat edinilýär. 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda açylan Halkara Hezret Soltan howa menziliniň Gazagystanda garaşsyzlyk ýyllarda täze gurlan ilkinji howa menzilidigini hem nygtasymyz gelýär. Şol howa menzili Halkara Aktau howa menzilini dolandyrýan “ÝDA Group” tarapyndan guruldy.

2021-nji ýylyň 25-nji martynda Gyrgyzystanyň Halkara Manas howa menzili “Eti Bakyr Tereksaý” firmasy bilen Jelalabat welaýatynyň Toguz Toroo etrabynda ýerleşýän Kerben howa menziliniň giňeldilmegi we durkunyň täzelenmegi hakynda pikir alyşdy. “Eti Bakyr Tereksaý” şol howa menziline maýa goýup, onuň halkara howa menzili derejesine göterilmegini maksat edinýär. 1979-njy ýylda gurlan howa menzilini gyrgyz hökümeti 2019-njy ýylda durkuny täzeledi, emma henize çenli uçuşlar başlamady. “Eti Bakyr Tereksaý” firmasynyň 75 göterimlik paýy “Türk Eti Bakyr” firmasyna degişli we şol firma Gyrgyzstanda Terek, Terekkan we Perewalnoýe magdan känlerini dolandyrýar.

Şol gün Özbegistanyň Fergana welaýat häkimliginiň metbugat gullugy Türk howaýollarynyň Türkiýeden Fergana şäherine gönüden sapar gurajakdygyny habar berdi. Türk howaýollarynyň Özbegistandak şahamçasynyň Müdiri Selim Kahramanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Fergananyň howa menzili bilen tanyş bolmak üçin şähere bardy. Duşuşykda howa menzili hyzmatlarynyň berilmegi boýunça pikir alyşyldy. Şeýlelikde Türkiýeden Özbegistanyň ýedi şäherine gitmek mümkin bolar.

Türk firmalarynyň Orta Aziýa ýurtlaryna awiasiýa pudagyndaky maýa goýumlary uzak ýyllar ozal başlapdy. “TAW” howa menzilleri holdingi geçen ýyl Halkara Almaty howa menziliniň dolandyryş lisenziýasyny aldy. “Kiklop Inşaat LTD ŞTI” firmasy Özbegistanyň Samarkant şäheriniň howa menziliniň durkuny täzeledi. Türk firmalaryndan “Alarko Holding” Türkmenistanda Aşgabat, Özbegistanda Samarkant, Buhara we Ürgenç, Gazagystanda Nur-Soltan howa menzillerini gurdy. Mart aýyndaky soňky täzelikler bilen birlikde türk firmalarynyň Orta Aziýa ýurtlarynyň awiasiýa pudagyndaky maýa goýumlary we işleri durnukly ösýär.

Türk howaýollary Özbegistanda 7, Türkmenistanda we Gazagystanda 2, Gyrgyzstanda we Täjigistanda bir şähere sapar guraýar. Şeýlede “Pegasus” howaýollarynyň Gyrgyzystana we Gazagystana sapar guraýandygyny ýatladalyň. Şonuň ýaly hem Orta Aziýa ýurtlarynyň her biriniň howaýollary kompaniýalary Türkiýäniň Stambul we Antalýa şäherlerine gatnaw edýärler.

Awiasiýa pudagyndaky bu hyzmatdaşlyk gelejek ýyllarda täze sepgitlere ýetip, bilelikde dik uçar, uçar we dron öndürip bilinjekdigini aýdasymyz gelýär. Sebäbi şol potensial türki dilli döwletler artykmajy bilen bar.



Degişli Habarlar