Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Orta Aziýa Ýurtlaryna Sapary

Ýewraziýa Syn

1605175
Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Orta Aziýa Ýurtlaryna Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Orta Aziýa döwletlerine guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň mart aýynyň 5-10-y aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşogly Orta Aziýanyň üç ýurduna sapar gurady. Mewlüt Çawuşogly saparynyň dowanynda şol ýurtlaryň prezidentleri tarapyndan kabul edildi, daşary işler we premýer-ministrleriniň orunbasarlary bilen özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamalaryna gol çekişildi.

Mewlüt Çawuşogly ilki Türkmenistana bardy. Çawuşogly paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, Türk howaýollarynyň saparlarynyň ýaňadandan başlamagyna we türk konteýnerleriniň ýurtdan geçmegine rugsat berilmegi üçin Prezidentden rugsat aldy. Mälim bolşy ýaly Türkmenistan pandemiýa sebäpli howaýollarynyň ýurda sapar guramagyna rugsat bermeýärdi.

Türkmenistanda energetika meselesine hem garaldy. Hazar deňizinden çykarylýan energiýa serişdeleriniň bilelikde dolandyrylmagy boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ylalaşyk gazanylandan soň, türkmen energiýa çeşmeleriniň Türkiýäniň üstaşyr günbatara eksport edilmegine şert döremäge başlady. Hazardan çykarylýan energiýa serişdeleriniň Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe tarapyndan bilelikde Türkiýä we günbatar ýurtlaryna eksportunyň şu ýyl geçiriljek ikiçäk we üçtaraplaýyn sammitleriň gün tertibiniň esasy ugruny emele getirjekdigini aýtsak, ýalňyşmarys. Çawuşogly hem bu sammitlere we ylalaşyklara taýarlyklaryň çäginde Aşgabada barypdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly Türkmenistandan Özbegistana bardy. Çawuşogly Özbegistanda Hywa, Buhara, Samarkad we Daşkent şäherlerinde boldy. Ministr Çawuşogly 7-nji martda Özbegistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri bilen birlikde Samarkantda Türkiýäniň Başkonsullygynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Prezident R.T.Erdoganyň şu ýyl Özbegistana sapar guramagyna garaşylýar.

Özbegistana saparyny tamamlan Çawuşogly soň Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherine bardy. Çawuşogly Bişkekde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentinden daşgary Premýer ministri bilen hem duşuşdy. Daşary işler ministri Çawuşogly gyrgyz ministrler bilen birlikde Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersitetiniň çäginde Saglygy saklaýyş merkeziniň we Pandemiýa garşy göreş laboratoriýasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Daşary işler ministri bularyň açyljak lukmançylyk fakultetiniň binýady hökmünde beýan etdi. Türkiýe Magaryf gaznasyna degişli mekdebiň hem şu ýyl Bişkekde açylmagyna garaşylýar.

Daşary işler minisrtri Çawuşoglunyň sapar guran ýurtlary Türkiýäniň goranyş senagatynyň öndürýän önümlerine hem uly gyzyklanma görkezýärler. Garabag söweşinde türk önümleriniň kesgitleýiji rol oýnamagy Orta Aziýa döwletleriniň şol önümlere bolan gyzyklanmasyny hasam artdyrdy. Şu ýyl Orta Aziýanyň türki dilli döwletleri türk senagatynyň önümlerini inwentaryna goşup bilerler. Mälim bolşy ýaly Gazagystan geçen hepdelerde türk sowutly ulaglaryny synagdan geçirdi. “Aselsan” Gazagystandan soň Özbegistanda hem zawod açmagy meýilleşdirýär.

Diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl dolýarka Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklaryny täze derejä götermek isleýär. 2021-nji ýylda liderleriň gurajak iki taraply saparlary we Türk geňeşiniň Türkiýede geçiriljek sammiti türki dilli döwletler üçin iňňän möhüm başlagyç bolar.



Degişli Habarlar