Uýgur Meselesi we Mediada Günbatar-Hytaý Çekeleşigi

Ýewraziýa Syn

1587465
Uýgur Meselesi we Mediada Günbatar-Hytaý Çekeleşigi

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Hytaý bilen günbataryň mediadaky çekeleşigi hakynda durup geçmek isleýäris.

Soňky günlerde uýgurlar sebäpli Hytaý bilen günbataryň arasynda media arkaly çekeleşigiň geriminiň giňeýändigini görýäris. Geliň ilki mesele boýunça soňky wakalara ser salalyň.

Britaniýa 2021-nji ýylyň 4-nji fewralynda Hytaý Halk Respublikasynyň Global telaýaýlym guramasynyň ýaýlymlaryny gadagan etdi. Inlisler ýaýlymyň ýapylmagyna sebäp hökmünde adybir ýaýlymyň eýesi tarapyndan däl, eýsem Hytaýyň Kommunistik partiýasy tarapyndan dolandyrylmagyny görkezdiler. “Telegraf” gazeti MI5-iň žurnalist hökmünde içalylyk edýän 5 hytaýlyny ýurtdan çykarandygyny ýazypdy.

2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda Hytaýyň mediasynda 24 maddada günbataryň Sinjan uýgur awtanomiýasy bilen bagly habarlaryň we makalalaryň hakykaty beýan etmeýändigi hakynda uly göwrümli makala çap edildi. “Sinhua” habalar gullugynda çykan makalada Maýk Pompeonyň, Adrian Zenziň beýannamalarynyň başda durmagynda günbataryň media organlarynda uýgurlar hakynda çykan habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigi subut edilmäge synanşyldy.

Hytaýyň resmi “Ženmin Žibao” gazeti 8-nji fewralda fransuz ýazyjysy Maksim Wiwas bilen geçirilen interwýuny çap etdi. Maksim Wiwas 2020-nji ýylyň ahyrynda fransuz dilinde Sinjandaky şertler hakynda “Uýgurlar, Ýalan habarlaryň soňy” atly kitabyny çap edipdi. Wiwas gazete beren interwýusynda terrorizmiň öňüni almak üçin Hytaýyň Sinjanda görýän çärelerini goldaýandygyny, Merkezi razwedka gullugynyň öňbaşçylyk etmeginde Hytaýa garşy günbatarda gara propogandanyň alynyp barylýandygyny beýan etdi.

Hytaý 2021-nji ýylyn 9-njy fewralynda ABŞ-nyn sosial media ulgamy “Globusyň” elýeterliligini çälendirdi. Soňky döwürde “Globusda” Sinjandaky “tälim beriş düşelgeleri” ýygy-ýygydan tankyt edilýärdi. 2020-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga berilen “Globus” serişdesi soňky aýlarda Hytaýda giňden ulanylmaga başlanypdy.

11-nji fewralda resmi Pekin “Hytaýyň milli bähbitlerine bap gelmeýändigi” we “kanunlara garşy” bolandygy sebäpli “BBC World Nýusyň” ýurtdaky işlerini gadagan etdi. Bu aslyna seredilende hem Hytaýyň Global ýaýlyk organynyň ýapylmagyna berilen jogapdy, hem-de “BBC-däki” uýgurlar hakyndaky ýaýlymlara reaksiýady.

Fewral aýynyň başynda 180 sany adam hukuklaryny goraýyjy gurama Pekinde geçirilmegi meýilleşdirilýän 2022-nji ýyldaky Gyşky olimpiýada oýunlaryny baýkot etmäge çagyrdy. Adam hukuklaryny goraýyjy guramalar şol çagyryşy bir aý ozal beren hem bolsa, şol wagtlar Trampyn mitingi gün tertibinde esasy orun eýeländigi üçin garaşylýan seslenmäni döredip bilmändi.

Beýleki tarapdan Saud Arabystanynyň Hytaýdaky Ilçisi Ali Obeýd al-Lahariniň we Pakistanyň Senatynyň Halkara gatnaşyklar toparynyň başlygy Muşahid Huseýin Seýidiň uýgur meselesinde resmi Pekini goldaýan interwýulary çap edildi.

Wakalardan hem mälim bolşy ýaly media giňişliginde Hytaý-Günbatar çekeleşiginiň depgini ýokarlady. Taraplar biri-biriniň ýaýlym organlarynyň işlerini gadagan etmäge başladylar. Baýdeniň uýgur meselesinde Trampyň syýasatyny dowam etdirjekdigini duýdurmagy, media giňişligindäki bölünşigiň geljekde hasam güýçlenjekdigini görkezýär. Hytaýyň bu meselede ýalňyz däldigi, Pekin bilen bagly habarlaryň we ýaýlymlaryň Russiýa we Pakistan ýaly ýurtlarda hem ýaýlyma berilmeginden belli bolýar. Uýgur meselesinde hem Hytaýyň hem-de günbataryň meseläni öz bähbitleri üçin ulanmaga synanşýandygy ünsden düşürilmeli däl.


Etiketkalar: #uýgur , #günbatar , #Hytaý

Degişli Habarlar