Russiýadaky Protestler

Ýewraziýa Syn

1583315
Russiýadaky Protestler

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Russiýadaky birugsat protestler hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý Berlinden Moskwa dolanyp baran badyna şertli boşadylma düzgünlerini birnäçe gezek berjaý etmändigi sebäpli tussag edildi. Rus oppozisionerler ýanwar aýynyň 23-inde, 31-inde we fewral aýynyň 2-sinde birugsat görnüşde Alekseý Nawalna goldaw mitinglerini geçirdiler. Şol mitingler Russiýanyň tas ähli şäherlerinde geçirildi. Şeýle uly göwrümli mitingler soňky gezek 2021-nji ýylda geçirilipdi.

Alekseý Nawalnyý 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda Moskwada geçirilen kazyýet diňlenşiginde 3,5 ýyllyk şertli tussaglyk jezasy şertsiz görnüşe getirilip, tussag edildi. Moskwadaky kazyýet diňlenşigine 20 töweregi günbatarly diplomat synçy hökmünde gatnaşdylar. Russiýanyň Federasiýa Geňeşinden Andreý Klimow kazyýet diňleşigine daşary ýurtly diplomatlaryň gatnaşmagy Nawalnyýnyň “daşary ýurtlaryň adamy” hökmünde häsýetlendirilmeginiň ýerliklidigini görkezýändigini beýan etdi. Döwlet Dumasyndaky häkimiýet we oppozision partiýalaryň halk deputatlarynyň ählisi Nawalnyýny ýurduň birinji derejeli duşmany diýip, yglan etdiler.

Günbatar ýurtlary bir agyzdan Nawalnyýnyň boşadylmagyny isleýärler. Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel kararyň hukuk döwleti kadalaryna bap gelmeýändigini, Nawalnyýnyň dessine boşadylmalydygyny beýan etdi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron kazyýetiň kararyny “Kabul edilmesiz” häsýetlendirdi. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Alekseý Nawalnyýnyň “dessine we şertsiz” boşadylmagyny talap etdi. Brýusselden hem şuňa meňzeş beýannama berildi. ABŞ-nyň Milli howpsyzlykdan jogapkär geňeşçisi Jek Sýulliwan bolsa Amerikan hökümetiniň Russiýa garşy sanksiýalaryň gerimini giňeltmek niýetiniň bardygyny aýtdy.

5-nji fewralda Russiýanyň Daşary işler ministrligi 2021-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda birugsat protestlere gatnaşandygy sebäpli germaniýaly, polşaly we şwesiýaly 3 diplomatyň islenmeýän adam yglan edilendigini, olaryň gysga möhletde ýurtdan çykaryljakdygyny habar berdi.

Şol gün Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ÝB-niň Daşary işlerden we howpsyzlykdan jogapkär wekili Jozep Borrel bilen geçiren duşuşygyndan son guralan metbugat ýygnagynda ÝB-niň Russiýa üçin ynamsyz hyzmatdaşlygyny beýan etdi.

Rus oppozisionerler hepdäniň her dynç alyş günleri köçelerde birugsat miting geçirýärler. Bu usul ozal Habarowsk şäherinde we goňşy Belarusda hem synalypdy hem-de oppozisionerler üçin netijeli kabul edilipdi. Häzirlikçe wakalaryň nähili dowam etjekdigini aýtmak kyn hem bolsa, mitingleriň güýze çenli dowam etme ähtimallygy bar. Sebäbi güýzde Russiýada parlament saýlawlary geçiriler. Soňky ýerli saýlawda Nawalnyýnyň tarapdarlary belli bir üstünlik gazanandygy üçin güýzde geçiriljek parlament saýlawynda üstün çykmak hökümet üçin iňňän möhüm ähmiýete eýe.

Wakalardan görnüşine görä Nawalanyýnyň üsti bilen başlan Russiýa-Günbatar çekeleşigi depginini gowşatmaýar. Geljekki günlerde ruslaryň köçelere birugsat ýörişler üçin çykyp çykmajakdygy ýa-da birugsat mitinge çykanlaryň sany ýurtdaky waklaryň ugruny kesgitlär. Halkara arenasynda bolsa günbataryň Russiýa goşmaça sanksiýalar goýmagy mümkin bolup biler.



Degişli Habarlar