Eýranyň Daşary Işler Ministriniň Sebit Ýurtlaryna Sapary

Ýewraziýa Syn

1578875
Eýranyň Daşary Işler Ministriniň Sebit Ýurtlaryna Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarifiň sebit ýurtlaryna guran saparyna ser salmakçy.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 24-29-y aralygynda sebit ýurtlaryna sapar gurady. Eýranyň Daşary işler ministri Azerbaýjana, Russiýa, Ermenistana, Gruziýa we Türkiýä sapar etdi. Jawad Zarif adybir ýurtlaryň liderleri tarapyndan kabul edildi we kärdeşleri bilen özara hem-de sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Muhammed Jawad Zarifiň ilkinji duralgasy Azerbaýjan boldy. Bakuwda Zarif Garabagyň halas edilmegi mynasybetli azerbaýjanlylary gutlady. Eýranyň Daşary işler ministri Eýranyň firmalarynyň sebitiň gaýtadan dikeldilmegine goşant goşmaga taýardygyny beýan etdi.  Zarif Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul edilende; Aras derýasynyň iki kenarynda dostlugyň we doganlygyň elmydama höküm sürendigini aýtdy.

Jawad Zarif Azerbaýjandan Russiýa bardy we 26-njy ýanwar güni Russiýada kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Duşuşykda Garabagyň howpsyzlyk we ykdysady taýdan güýçlendirilmegi, Bilelikdäki Giňeldilen İş Meýilnamasy we Eýranyň ýadro maksatnamasynyň halas edilmegi, Sputnik W sanjymynyň Eýranda ulanylmagy ýaly meseleler seljerildi. Duşuşykdan soň Russiýa bilen Eýranyň arasynda Maglumat howpsyzlygynyň üpjün edilmegi hakynda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişildi.

Eýranyň Daşary işler ministri Russiýadan Ermanistana bardy. Zarif Ýerewanda “Ermenistanyň territorial bitewiliginiň Eýranyň gyzyl çägidigini” beýan etdi. Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýan bolsa Zarife Garabag meselesindäki şikaýatlaryny ýetirdi.

Zarif son bolsa Gruziýa bardy. Eýranyň Daşary işler ministri Tibliside Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili, Premýer ministr Giorgi Gahariýa bilen duşuşdy.

Zarif gruziýaly ýolbaşçylar bilen geçiren duşuşygyndan soň Türkiýä geldi. Jawad Zarif Stambulda ilki kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy. Duşuşykdan soň Azerbaýjanyň, Eýranyň we Türkiýäniň liderleriniň ýakyn gelejekde üçtaraplaýyn maslahat geçirjekdikleri beýan edildi. Zarif soň bolsa Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan tarapyndan kabul edildi.

Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet ýolbaşçylarynyň Baluwda gün tertibine getiren Sebitleýin hyzmatdaşlyk platformasyndan soň Jawad Zarif şol platforma degişli edilmegi nazarda tutulan ýurtlara sapar gurady. Resmi Tähran Azerbaýjanyň we Türkiýänin Ermenistan bilen Russiýanyň hem Gruziýa bilen düşnüşmezlikleriniň bardygy üçin bärde iň amatly pozisiýanyň özlerine degişlidigini pikir edýär. Belkem şol sebäpli Eýranyň Gruziýadaky İlçisi Akbar Kasem ilki 1+3 (Eýran, Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa) formulasynyň başladylmagynyň we wagtyň geçmegi bilen 6 ýurdy öz içine aljak görnüşde giňeldilmeginiň alternatiwlerden biridigini beýan eden bolsa gerek. Şol platforma günbataryň sanksiýalarynyň täsirlerini azaltmak taýdan Tähran üçin peýdaly. Emma Türkiýesiz şol platformanyň iş ýüzüne geçmegi mümkin bolmasa gerek.

Sebitleýin meseleleri sebitiň ýurtlarynyň çözmeginiň ýerlikli boljakdygy Garabag meselesinde aç-açan görüldi. Kawkazyň galkyndyrylmagy hem sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arkalaşmagy netijesinde bolar. Azerbaýjan bilen Türkiýäniň döwlet ýolbaşçylarynyň Bakuwda beýan başlangyjy iş ýüzüne geçirilen halatynda Kawkaz has eşretli sebitlerden birine öwrüler.



Degişli Habarlar