NATO-nyň ilkinji reaktiw zenan uçarmanynyň türkdigini bilýäňizmi?
Giňdir dünýe, geňdir dünýe
NATO-nyň ilkinji reaktiw zenan uçarmanynyň türkdigini bilýäňizmi?
1933-nji ýylda dünýä inen Leman Bozkurt Altynçekiç Türkiýäniň we NATO-nyň ilkinji zenan reaktiw uçarmany derejesine eýe.
Çagalykdan bäri uçmagy arzuw eden Altynçekiç liseýi gutaran ýyly arzuwyna ýetmek üçin uly başlangyç edýär we Türkkuşu Inönü Desgalarynda planýorlyk tälimini alýar. 1954-nji ýylda Türk ýaragly güýçlerine zenanlaryň kabul edilmäge başlamagy netijesinde Izmiriň harby mekdebine ýüz tutýar we 1955-nji ýylyň oktýabrynda okuwa başlaýar. Perrikli uçarlar bilen alan tälimini 1957-nji ýylda gutarýar. Şol mahaly iň esasy harby ýaranlyk guramasy NATO 5 ýaşyndady.
Leman Bozkurt Altynçekiç has ýokarlara uçmak islegi bilen reaktiw uçarmanlyk tälimini alýar. Alan reaktiw uçarmanlyk derejesi bilen 9 ýylyň dowamynda gök asmanda uçan Altynçekiç diňe bir Türkiýäniň däl, Türkiýäniň we NATO-nyň harby güýçleriniň hem ilkinji we uzak ýyllar ýeke-täk zenan reaktiw uçarmany boldy.