Türkiýe-Ukraina Gatnaşyklarynda Ýetilen Sepgit

Ýewraziýa Syn

1556531
Türkiýe-Ukraina Gatnaşyklarynda Ýetilen Sepgit

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary we ýetilen sonky sepgit hakynda durup geçmek isleýäris.

Dekabr aýynyň soňky iki hepdesi Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary taýdan diýseň netijeli geçdi. Umuman 2020-nji ýyl Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary taýdan iňňän netijeli geçdi.

2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkiýäniň Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy Ismail Demiriň ýolbaşçylyk edýän wekiliýeti Ukrainada sapardy boldy. Saparda Ukrainanyň Goranmak ministrligi bilen Türkiýäniň Goranyş senagaty edarasynyň arasynda goranyş pudagynda birnäçe ylalaşyga gol çekişildi. Ylalaşygyň netijesinde 21-nji dekabrda Türkiýe-Ukraina bilelikdäki korwetleriň Ukrainanyň Nikolaýew şäherindäki “Okean” gämi gurluşyk werfinde öndüriljekdigi beýan edildi.

2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Kiýewde Türkiýe bilen Ukrainanyň Daşary işler we Goranmak ministrlerinin gatnaşmagynda “2+2” formatynda maslahat geçirildi. Maslahatyň netijesinde bilelikdäki jarnama çap edildi. Jarnamada syýasat, ykdysadyýet we goranyş pudaklary bilen hyzmatdaşlyk ugurlarynyň giňeldilmegi boýunça bar bolan niýet ýene-de bir gezek tassyklandy. Türk ministrler saparyň çäginde Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Premýer-ministr Denis Şmygal tarapyndan kabul edildiler. Aýratynam türk diasporalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Şol gün Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ukrainanyň İlçileriniň maslahatynyň hormatly myhmany boldy. Maslahatda Çawuşogluna Ukrainanyň Haýyr-sahawat jemgyýeti tarapyndan “Ýagşylyk Perişdesi” baýragy gowşuryldy. Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba Türkiýe bilen 2020-nji ýylyň dowamynda ýokary derejeli hyzmatdaşlyk edendiklerini we onuň iňnän kanagatlandyryjydygyny beýan etdi.

2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Prezidenti Zelenskiýniň gatnaşmagynda Zaporožýe şäherinde “Onur Grup” firmasynyň 8 aýda gurup gutaran köprüsiniň açylyş dabarasy geçirildi. Şeýlelikde türk firmasy 55 ýyldan bäri gurulmagy meýilleşdirilen köprüni ulanmaga berdi.

Şol gün Kiýewde meşhur alym Agatangel Krymskiýniň ylmy işlerinden ybarat bolan “Gündogarda döwlet gurma däbi” atly kitabynyň tanyşdyrlyş çäresi geçirildi. Kitabyň tanyşdyrlyş çäresine TÜRKSOÝ-yň baş Sekretary Düsen Kaseinow hem gatnaşdy. Kaseinow Ukrainanyň Medeniýet we maglumatlar syýasaty ministri Oleksandr Tkaçenko we Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jappar bilen duşuşdy. Duşuşyklarda özara gatnaşykar ara alynyp maslahtlaşyldy. Ukrainanyň türki dünýä bilen bolan gatnaşyklary ýokary derejede dowam edýär.

Görşüňiz ýaly Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary iň gowy döwrüni başdan geçirýär. Soňky iki hepdede özara gatnaşyklara degişli täze şertnamalar baglaşyldy. “2+2” formatynda Daşary işler we Goranmak ministrleriniň ilkinji maslahaty geçirildi hem-de käbir ugurlarda täze başlangyçlar edildi. Bu wakalar pandemiýadan soňky döwürde Türkiýe-Ukraina gatnaşyklarynyň täze derejä göteriljekdigini, Prezidentler tarapyndan kesgitlenen 10 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýeňillik bilen ýetjekdigini görkezýär. Geljekki döwürde goranyş pudagyndaky ýokary derejeli gatnaşyklar ähli ugurlara öz oňyn täsirini ýetirer. Türkiýäniň we Ukrainanyň strategik gatnaşygy sebit üçin hem bähbitli bolar.

 



Degişli Habarlar