Troýa Muzeýini Wirtual Görnüşde 1 Million Adamyň Gezip Görendigini Bilýäňizmi?

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1540271
Troýa Muzeýini Wirtual Görnüşde 1 Million Adamyň Gezip Görendigini Bilýäňizmi?

 

Dünýäde öz täsirini dowam etdirýän epidemiýa döwründe Troýa muzeýini wirtual görnüşde 1 million adamyň gezip görendigini bilýäňizmi?

Dünýäde birnäçe ýurtda bolşy ýaly Türkiýede hem wirtual görnüşde muzeýleri gezip görmek bolýar. Çanakkalede 5 müň ýyllyk geçmişe eýe bolan gadymy Troýa şäheriniň girelgesinde ýerleşýän Troýa muzeýi hem şolardan biri. Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, epidemiýa döwründen öň wirtual muzeý ulgamy bolmadyk Troýa muzeýiniň, epidemiýanyň yglan edilmeginden 10 gün soň wirtual görnüşde gezip görüljekdigini mälim etdi. Şol günden bäri Troýa muzeýini wirtual görnüşde 1 million adam gezip gördi.

Troýa muzeýinden başgada Anadoly medeniýetleri muzeýi, Efes muzeýi, Ankara Etnografiýa muzeýi, Zeugma mozaika muzeýi, Antalýa muzeýi we Göbeklidepe taryhy ýerleri ýaly Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine degişli birnäçe ýeri www.sanalmuze.gow.tr internet saýtyndan gezip bilersiňiz.


Etiketkalar: #wirtual , #muzeý , #Troýa

Degişli Habarlar