Atatürk we Sport

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1536127
Atatürk we Sport

 

Atatürk we Sport

Dünýäde beden tertbiýesini esasy sapaklardan biri hökmünde kabul eden ilkinji döwlet adamsynyň M.K.Atatürkdigini bilýäňizmi?

Atatürk sporta, türgene, sport klublaryna aýratyn uly ähmiýet beren we dünýäde beden terbiýesini esasy derslerden biri hökmünde kabul eden ilkinji döwlet adamsydyr. Onuň “Sagdyn kelle, sagdyn bedende bolar” sözi hem sporta berýän ähmiýetini aňladýar. Göreş, futbol, suw sportlary, kürek çekmek, ýüzmek, çapyksuwarlyk, awiasiýa, mergenlik ýaly sportuň dürli görnüşleri bilen gyzyklanyp, şol sportlaryň federasiýalarynyň döredilmegine öňbaşçylyk edýär.

Atatürki aradan çykmagyndan soň, şol wagtlar diňe bir Ýewropanyň däl, dünýäniň iň güýçli sport gazetlerden biri bolan Fransiýanyň “Lauto” gazeti çap eden uly göwrümli makalasynda Atatürkiň sporta bolan söýgüsine üns çekipdi. Makaladaky şu sözlemler ünsleri özünde jemleýär: “Dünýäde ilkinji gezek beden terbiýesi dersini mejbur eden döwlet adamy Atatürk boldy. Diňe bir kagyz ýüzünde we sözde däl, ony gönüden iş ýüzüne geçirdi. Stadionlar we dürli sport merkezlerini gurdurdy. Halk öýleriniň sport bölümlerine gönüden gözegçilik etdi we milletiň ykbalyna höküm eden gününden başlap Türkiýede sport günsaýyn beýgelen abraý gazandy.”



Degişli Habarlar