Atatürk Bendi

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1531959
Atatürk Bendi

 

Günorta-gündogar Anadolydaky Ýefrat derýasynyň ugrunda gurulan Atatürk bendiniň Türkiýäniň we Ýewropanyň in uly bendidigini bilýänizmi?

Adyýaman we Şanlyurfa welaýatlarynyň arasynda, Ýefrat derýasynyň ugrunda gurulan Atatürk bendi, 1983-nji ýylda gurulmaga başlanýar, 1992-nji ýylda ulanmaga berilýär. Energiýa öndürmek we suwaryş maksady bilen gurlan bent, ululyk taýdan dünýäde 6-njy ýerde durýar. Gidroelektrik bekedi bolsa dünýäde 5-nji orny eýeleýär. Türkiýedäki gidroelektrik beketlerinde öndürilýän elektrik energiýasynyň 20 göterimi Atatürk bendinde öndürilýär.

Dolulygyna türk işçileri we injenerleri tarapyndan gurlan ägirt uly bendiň daşy 80 aýda gurlup gutaryldy. Bendiň gurulmagy bilen emele gelen 817 inedördül kilometrlik emeli kölde halkara suw sport bäsleşikleri, festiwallar geçirilýär we türgenler ýelken, SKUBA we ýüzüjilik ýaly ugurlarda bir-birleri bilen bäsleşýär. Aýratynam gämi gatnawy ýola goýulan. Bent köli şol bir wagtda balykçylyk taýdan hem sebitiň halkyna uly mümkinçilikler döredýär.


Etiketkalar: #suwaryş , #energiýa , #bent

Degişli Habarlar