Gruziýadaky Parlament Saýlawy

Ýewraziýa syn

1528130
Gruziýadaky Parlament Saýlawy

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gruziýada geçirilen parlament saýlawlary we onuň netijeleri hakynda durup geçmek isleýäris.

Gruziýada 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda parlament saýlawlary geçirildi. Parlamentiň 10-njy çagyrlyşynyň halk deputatlaryny saýlamak üçin 3,5 million saýlawçydan 2 milliona barabary ses berdi. Saýaw güni 6 müň žurnalist, 47 müň ýerli we daşary ýurtly synçy, 80 müňden gowrak partiýa wekilleri parlement saýlawlaryna synçylyk etdi.

Gruziýanyň Merkezi saýlaw geňeşiniň beýan etmegine görä saýlawa gatnaşan 48 syýasy partiýanyň we 2 saýlaw blogundan 9 sanysy 1 göterimlik saýlaw çäklendirmesini geçmegiň hötdesinden geldi. Häkimiýet başyndaky Gruzin hyýaly partiýasy sesleriň 48 göterimini aldy we ýeňişini yglan etdi. Oppozisiýanyň Milli jebislik hereketi-Birleşen oppozisiýa saýlaw blogy 27 göterim ses almagyň hötdesinden geldi. Beýleki partiýalaryň sesleriniň jemi mukdary bolsa 4 göterime ýetmedi.

Saýlawyň netijelerine närazylyk bildirenler saýlawyň netijesiniň bes edilmegi üçin 1-nji noýabrdan bäri miting geçirýärler.  Oppozisiýanyň esasy mitingi 8-nji noýabrda geçirildi. Mejlisde wekilçilik edilmäge hukuk gazanan 8 syýasy partiýa we beýleki üstünlik gazanyp bilmedikler möhletinden irki saýlawyň geçirilmegini, Merkezi saýlaw geňeşiniň başlygynyň wezipeden çekilmegini we syýasy tussaglaryň azat edilmegini isleýärler. Bilelikde jarnama çap eden oppozision partiýalar mandatlaryny almajakdyklaryny, hökümet talaplaryny berjaý etmän halatynda aksiýa maksatnamasyny çap etjekdiklerini habar berdiler.

Mejlisiň işe girişmegi üçin saýlanan halk deputatlarynyň ýarysyndan gowragy mandatlaryny alyp, mejlise gelmeli. Hökümet şol sany esasan kepillendirdi. Emma halk deputalarynyň ýarysyny emele getirýän oppozisiýanyň stoluň başyna oturmazlygy ýurduň durnuklylygyna gönüden täsir edýär.

Gruziýanyň Mejlisi 150 kürsüden ybarat. 150 halk deputatynyň 120 sanysy proporsional ulgama, 30 sanysy bolsa köplük ulgamyna görä kesgitlenýär. Köplük ulgamyna görä saýlaw geçirilen 16 saýlaw okrugynda 21-nji noýabra çenli saýlawyň ikinji tapgyry geçiriler.

Hd! Gruzin Hyýaly partiýasy yzly-yzyna üçünji gezek parlament saýlawynda üstün çykmagyň hötdesinden geldi. Hökümetiň esasan-da epidemiýanyň başynda gören çäreleri partiýanyň reýtinginiň ýokarlamagyna sebäp bolupdy. Emma epidemiýanyň güýz aýlarynda ýurt boýunça ýaýramagy we çäklendirmeler sebäpli ykdysdy şertleriň agyrlaşmagy hökümetiň işini kynlaşdyrýar.

Oppozisiýa geçen ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwili bolsa uzak ýyllardan bäri ýurduna dolanyp bilmeýär. Ýurtda uly özegertmeleriň başyny başlan, emma Russiýa bilen söweşe tutluşyp, häkimiýetden gitmeli bolan Saalaşwiliniň häkimiýete, şeýlelikde ýurduna gowuşma islegi bu saýlawda-da başa barmady.

Gruziýanyň Howpsyzlyk gullugy 6-njy noýabrda howpsyzlyk güýçleriniň ozalky wekillerinden emele gelýän we konstitutsion ulgamy agdarmak isleýän toparyň bardygy hakynda beýannama çap etdi.

Hökümet koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň günde 3 müň adama ýetýändigini sebäp hökmünde görkezip, 9-njy noýabrdan başlap esasy şäherlerde çäklendirmeler girizdi. Epidemiýa we çäklendirmeler oppozisiýanyň protest aksiýalaryny geçirmegini kynlaşdyrar.

Gruziýa parlament ulgamyny kabul edendigi sebäpli parlament saýlawy iňňän möhüm ähmiýete eýe. Şol sebäpli oppozisiýa göreşini dowam etdirer. Emma Gruziýanyň içerki durnuklylygy gorap saklamagy hasam möhüm.

 



Degişli Habarlar