Hulusi Akaryň Orta Aziýa Sapary

Ýevraziýa syn

1524131
Hulusi Akaryň Orta Aziýa Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýe Respublikasynyň Milli milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Orta Aziýa dövletlerine guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

Türkiýe Respublikasynyň Milli goranmak ministri Hulusi Akar 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-28-i aralygynda Pakistana, Gazagystana ve Özbegistana resmi sapar gurady. Milli goranmak ministri Akar 26-njy oktýabrda Pakistandan Gazagystana bardy. Gazagystanda kärdeşi Nurlan Ýermekbaýev tarapyndan harby dabara bilen garşylanan Akar, Nur-Soltan şäherinde Gazagystanyň Premýer ministri Askar Mamin, Senagat ve infrastruktura ministri Beýbut Atakulov, Gazagystanyň Milli gorag goşunlarynyň Serkerdebaşysy Ruslan Jaksykulov  bilen duşuşyklar geçirdi. Şol duşuşyklarda özara gatnaşyklar ve sebitleýin meseleler seljerildi. Mälim bolşy ýaly Türkiýe ve Gazagystan 2018-nji ýylda harby hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekşipdi. İki ýurduň arasyndaky goranyş pudagyndaky gatnaşyklar 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri dovam edýär.

Milli goranmak ministri Hulusi Akar 27-nji oktýabrda Özbegistana bardy. Akar Daşkentde kärdeşi Bahadyr Kurbanov tarapyndan resmi dabara bilen garşylanýar. Özara ve toparara duşuşyklardan soň Türkiýe bilen Özbegistanyň Goranmak ministrleriniň arasynda Harby maliýe pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ve Nagt kömek bermek hakyndaky tesvirnama gol çekişildi. Akar aýratynam Özbegistanyň Hovpsyzlyk geňeşiniň Baş sekretary Viktor Mahmudov bilen duşuşdy. Saparyň ahyrynda Milli goranmak ministri Akar Özbegistanyň Prezidenti Şavkat Mirziýoýev tarapyndan kabul edildi.

Milli goranmak ministri Akaryň Garabagdaky çaknyşyklar dovam edýarkä guran sapary birnäçe jähtden möhüm ähmiýete eýe.

Geçen ýyl Özbegistanyň Goranmak ministri Kurbanov, Gazagystanyň Goranmak ministri Ýermekbaýev bilen geçiren duşuşygynda ýurtlarynyň hova goranyşyny Türkiýe bilen bilelikde amala aşyrmagy teklip edipdi. Şol çäkde Türkiýäniň öndürýän zenit raketalarynyň, uçarmansyz hova ulaglarynyň ve uçarmansyz ýaragly hova ulaglarynyň Orta Aziýa dövletleri tarapyndan alynmagy möhüm bolup durýar.

Türkiýäniň harby tejribesi, mümkinçiligi ve tehnologiýa taýdan gündogardaky doganlary bilen hyzmatdaşlyk edere köp ugruň bardygy görülýär. Harby tälim, maglumat ve razvedka hyzmatdaşlygy, goranyş senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlygyň depgininiň güýçlendirilmegi, dövrebap ýaraglaryň üpjün edilmegi, kiber hovpsyzlyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýe. Şeýlelikde şol ugurlardaky ýakyn hyzmatdaşlygyň dovam etdirilmegi ähli taraplar üçin bähbitli.

2019-njy ýylyň aprel aýynyň 22-27-i aralygynda Özbegistanda Türkiýäniň ve Pakistanyň goşunlarynyň gatnaşmagynda “Hyzmatdaşlyk Galkany-2019” harby türgenleşigi geçirilipdi. Şol bilelikdäki türgenleşikleriň dovam etdiriljekdigi nygtalypdy. Akaryň saparyna Pakistandan başlamagy şol jahtden möhüm.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Milli goranmak ministriniň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlara guran sapary Ankaranyň köp ugurly daşary syýasat düşünjesine bap gelýär.

Türkiýäniň Orta Aziýa dövletleri bilen harby-tehniki hyzmatdaşyklary ýokary derejede dovam edýär. Şol gatnaşyklary strategik derejä götermegiň vagty geldi. Türkiýäniň Ýakyn Gündogardan, Afrikadan ve Kavkazdan soň Orta Aziýa ýurtlary bilen goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze bir derejä götermek islemegi: resmi Ankaranyň sebitdäki pozisiýasynyň güýçlendirilmegi, hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi, doganlyk eliniň uzadylmagy taýdan iňňän möhüm.



Degişli Habarlar