Türkiýäniň Ilkinji Zenan Uçarmany

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1523678
Türkiýäniň Ilkinji Zenan Uçarmany

 

Türkiýede ilkinji gezek 1933-nji ýylda bir zenanyň uçuş şahadatnamasyny alandygyny bilýäňizmi?

Bedriýe Tahir Gökmen Türkiýäniň ilkinji zenan uçarmany. 1932-nji ýylda Wejihi Uçuş mekdedinde awiasiýa boýuna bilim almaga başlan Bedriýe Tahir, bir tarapda döwlet gullukçusy bolup işleýärkä, beýleki tarapdan uçuş tälimlerini dowam etdirýär. Awiasiýa pudagy bilen gyzyklanandygyna sebäpli dürli kynçylyklary başdan geçirýär. Aýlygyndan jeza kesilýär we ahyry işden çykmaly bolýar. Emme ýene-de uçmakdan ýüz öwürmeýär. Türkiýäniň ilkinji paraşutçysy we Paraşut mekdebinin ilkinji müdüri Abdurrahman Türkkuşu 1933-nji ýylda uçuş şahadatnamasyny alan Bedirýe Tahira “gökmen” lakamyny dakýar. 1934-nji ýylda Familiýa kanunynyň kabul edilmeginden soň Bedriýe Tahir Gökmen familiýasyny alýar.

1934-nji ýylda şahadatnamanyň tassyklanmagy üçin talyplaryň synagdan geçirilmegi islenýär. Emma synag topary gelen mahaly mekdebiň ýeke-täk uçarynyň tehniki näsazlygy sebäpli synag geçirilmeýär we gysga wagt soň mekdep hem ýapylýar.

Uçarmanlygy resmi taýdan tassyklanmadyk bolsa-da Bedriýe Tahir Gökmen, al asmandaky türk zenan uçarman hökmünde taryhda mynasyp ýerini alýar.


Etiketkalar: #ilkinji , #uçarman , #zenan

Degişli Habarlar